Sepleriň elýeterliligi

​Yrak: Ýowuzlyklarda 16 adam öldi


Yragyň demirgazygynda bolan aýry-aýrylykdaky hüjümlerde azyndan 16 adamyň ölendigi habar berilýär. 13-nji aprelde bolan bu hüjümleriň iň aýylganjy Kerkük şäheriniň golaýyndaky barlag nokadynda bombaly ulagyň partladylmagy netijesinde amala aşdy.

Gürrüňi edilýän bu partlamada azyndan 10 adamyň ölendigi we başga-da onlarçasynyň ýaralanandygy habar berilýär. Yrakda her gün diýen ýaly hüjümleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýurtda ýowuzlyklaryň artýandygy görünýär. Şol hüjümleriň aglabasynda howpsuzlyk güýçleri we şaýy musulmanlarynyň parahat ýaşaýjylary nyşana alynýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň çaklamalaryna görä, Yrakda 2013-nji ýylda bolan ýowuzlyklarda 8 müň 868 adam ölüpdir. Bu soňky bäş ýylyň dowamynda Yrakda iň köp adam ýitgisi bolan ýyldyr.
XS
SM
MD
LG