Sepleriň elýeterliligi

​Ukraina: Separatistler ultimatuma boýun bolmaýar


Ukrainanyň gündogaryndaky Russiýa tarapdary separatistlere ýaraglaryny tabşyrmaklaryny we eýelän hökümet jaýlaryny terk etmekleri üçin Ukrain hökümetiniň beren wagty söweşijileriň degişli jogaby bomazdan tamamlandy.

Ukrainanyň häzirki iş başyndaky wagtlaýyn prezidenti Oleksandr Turçinow separatistler 14-nji aprelde Kiýew wagty bilen sagat 09:00-a çenli hökümetiň talaplaryna boýun bolmasalar, ýurduň armiýasynyň gatnaşmagynda “terrorçylyga garşy giň gerimli” operasiýalaryň geçiriljekdigi bilen haýbat atypdy.

Muňa garamazdan, Slowýansk we Donetsk şäherlerindäki habarçylaryň berýän maglumatyna görä, separatistler hökümetiň beren bu ultimatumyna, ýagny soňky duýduryşyna boýun bolmaga taýýarlanmaýarlar.

Russiýa bolsa orsparaz protestçilere garşy güýç ulanmazlygy üçin Ukraina duýduryş beripdi. Ukrain hökümeti we Günbatar ýurtlary Moskwany Ukrainanyň gündogarynda emeli krizis döretmekde aýypladylar.
XS
SM
MD
LG