Sepleriň elýeterliligi

Kuçma: Krizisi diňe Günbatar çözüp biler


Ukrainanyň öňki prezidenti Leonid Kuçma

Ukrainanyň öňki prezidenti Leonid Kuçma

Ukrainanyň öňki prezidenti Leonid Kuçma ýurtdaky häzirki krizisi çözmek üçin Günbataryň araçy bolmagy ýeke-täk ýol diýip hasap edýär. 1994-2004-nji ýyllarda Ukraina döwletiniň başynda duran Kuçma AÝ/AR-nyň Rus gullugyna beren ýörite interwýusynda Krymyň Orsýet tarapyndan anneksiýa edilmegi, Ukrainanyň gündogaryndaky bulaşyklyk we Kiýew bilen Moskwanyň arasyndaky gapma-garşylyk barada öz pikirlerini mälim etdi.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň Ukraina babatyndaky indiki ädimleri barada örän köp we dürli çaklamalar öňe sürülýär. Ukrainanyň içki işlerine gatyşmak ýoluny saýlap alan Orsýetiň mundan beýlägem Ukrainanyň has köp regionlaryny basyp almak üçin hereket etjegi çak edilýär. Siz Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini ýakyndan tanaýan adam, siziň çaklamalaryňyz nähili?

Leonid Kuçma: Meniň pikirimçe, interwensiýa garaşmaly dälmikä diýýärin. Eger-de bu göz öňünde tutulan bolsa, umuman aýdylanda, bireýýäm amala aşyrylardy. Sebäbi biz örän ejizdik, ýagny bir ok atylmazdan elimizi galdyryp, tabyn bolmaga taýýar ýagdaýdadyk. Men bu ýerde Krymyň anneksiýasyny göz öňünde tutýaryn. Sebäbi bu ýerde şu günki gün dörän ýagdaýa ýol bermezlik üçin Ukraina tarapyndan, dogrudanam, köp zat edip bolardy.

Ikinji bölegi barada aýdylanda, biz bu günki gün Ukrainanyň günorta-gündogarynda Orsýetiň strukturalarynyň Ukrainada bar bolan bäşinji kolonna bilen bilelikde bu regionlardaky ýagdaýy bidüzgünçilige ýetirmek üçin çynlakaý çemeleşýändigini görýäris. Bu belli bir derejede şeýle. Sebäbi munuň aňrysynda diňe bir ideologiýa we ors dilli ilaty goramaklyk däl-de, uly pullar hem ýatyr. Muňa-da hiç hili şübhe ýok. Netijede biz bu ýerde-de gijä galdyk. Syýasaty öwrenijileriň köpüsi [hüjümiň gönükdiriljek ýeriniň] indikisiniň Ukrainanyň günorta-gündogary boljakdygyny we bu ýerde ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak üçin ähli çäreleriň görüljekdigini aýdypdylar. Onsoňam Ukraina bilen serhetde Orsýetiň şeýle ägirt uly goşunlary ýerleşýär. Bu zatlaryň ählisi ýagdaýa täsir ýetirýär.

Azatlyk Radiosy: Bu ýagdaýdan nähili çykalga bar?

Leonid Kuçma: Bu günki gün ýeke-täk çykalga Günbatar bilen ABŞ-a bagly. Sebäbi Orsýet Ukraina bilen gönümel gepleşiklere girişmegi islemeýär, ol bu günki gün Ukrainada bar bolan hökümeti ykrar etmeýär. Şonuň üçin bu ýerde Ukrainanyň mümkinçilikleri nola ýakyn. Belki-de, ilkibaşdan Ukraina tarapyndan haýsy-da bolsa takyk ädimleri ätmäge synanyşyk edilse-de bolardy, emma biz muny näme üçindir etmedik. Men hiç bolmanda parlamentler derejesinde köpçüligiň öňünde şeýle synanyşygyň edilmegini göz öňünde tutýaryn. Meselem, olar, hawa, biz Moskwa geldik, hormatly ýoldaşlar, bizi kabul ediň, eger kabul etmeýän bolsaňyz, diýmek, biz bilen hiç hili dialogy islemeýärsiňiz-dä, diýip bilerdi. Bu bolsa hem ukrainler, hem-de tutuş dünýä üçin aýdyň ýagdaý bolardy. Ine, şu günki gün görşüňiz ýaly, Kerri Lawrow we beýleki üçünji tarap bolan Ýewropa Bileleşigi bilen gepleşiklere başlamak we haýsy-da bolsa bir barlyşygy gözlemek barada ylalaşyldy.

Azatlyk Radiosy: Ukraina Krymy Orsýetden yzyna alyp bilermi?

Leonid Kuçma: Meniň pikirimçe, bu meselede hiç hili mümkinçilik ýok. Putin muňa hiç haçan razy bolmaz, sebäbi bu onuň ýeňlişini ykrar etmegi bolar. Kim muňa aýgyt eder? Şonuň üçin bu uzyndan uzak çalynýan saza meňzeş bir zat, onuň soňunyň bolup-bolmajagy we soňunyň nähili boljagy belli däl. Umuman, dünýä şeýle şertlerde ýaşamagy öwrendi. Muňa onlarça mysal hem getirip bolýar, şeýle aksiýalar amala aşyrylýar, başda biraz şowhun turýar-da, soň bolsa amerikanlaryň hem öz keýpini bozasy gelmeýär hem-de olar pul ýitirmek islemeýär. Sebäbi bu ýerde meseläniň [diňe] Ukrainanyň bähbitlerine baglanmaýandygy açyk we düşnükli. Ýogsa-da, olar Orsýet, Hytaý, Fransiýa bilen bilelikde Ukrainanyň bähbitlerini goramagy wada beripdiler. Emma, haçan-da has berk ykdysady sanksiýalary ulanmaly bolanda, olarda muňa uly isleg ýok, men ýene bir gezek aýdýaryn, sebäbi olar pul sanaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň öte geçip, Ukrainanyň territorial bütewiligini bozmagy sizi geň galdyrdymy?

Leonid Kuçma: Bu ýerde örän köp analiz etmeli, özüňi Putiniň ýerinde goýup görmeli, onuň şol wagt näme barada pikir edendigi barada oýlanmaga synanyşmaly. Orsýetiň iň uly gorkusy NATO-nyň Moskwanyň golaýynda bolmagy bilen bagly. Bu pikir Orsýet tarapyndan mydama bardy. Men olara hakykatdan hem düşünýärin. Emma şeýle gorky bar bolsa, onda Howpsuzlyk Geňeşiniň derejesinde Ukrainanyň birleşige goşulmaýan ýurt, ýagny onuň hiç wagtda NATO goşulmajagy barada karar kabul edip bolardy. Biz şeýle karary öň kabul hem edipdik. Ine, şeýle ýol bilen gitmelidi, emma görüň, başga bir ýoldan gadam basdylar.

Soňky ýyllarda görşümiz ýaly ykdysady basyşlar ýoly bilen hem gitdiler. Putiniň Ukraina we ilkinji nobatda ukrain häkimiýetine ynamy bolmandy, ol haçan-da bolsa bir hökümetiň gelip, Orsýet-Ukraina dostlugyny ýatdan çykarjagyny, ýurduň ÝB-ne we NATO kabul edilip, soň bolsa giç boljagyny mydama pikir edip gelipdi. Şonuň üçin, meniň pikirimçe, bu zatlar Orsýet tarapynyň planlarynda [öňdenem] bardy. Orsýetiň öz bähbitlerini goraýan ädimleriň biri hem Krymyň anneksiýasydyr, olar muny gowy başardylar.

Azatlyk Radiosy: Ukrainada prezidentlige dalaşgärleriň arasynda Ukrainany halas etmäge kim has ukyply görünýär?

Leonid Kuçma: Gynansak-da, men Ukrainany birleşdirmek üçin ýeterlik derejä eýe bolan dalaşgäri görmeýärin. Sebäbi olar, ýönekeý aýdylanda, mämişi häkimiýete degişli syýasatçylar. Ýagny olara ýurduň günortasynda we gündogarynda ynam ýok. Bu iň erbedi. Bu günki gün indiki häkimiýet we hökümet ilkinji nobatda ähli regionlardan düzülmeli, şonda olar özara ylalaşyp bilerdiler, emma häkimiýet Ukrainanyň diňe ýarpysyna degişli bolan ýagdaýynda başga hereketler hem edil şeýle bolýar. Täze häkimiýet gelip, ol ähli problemalaryň çözgüdi boljak bir zatlary edip biler diýen ynam ýok.

Şol bir wagtda-da, men biziň premýer-ministrimiziň hereketlerini halaýaryn, ol regionlar derejesinde şu günki häkimiýetiň, hökümetiň amala aşyrjak bolýan syýasatyny halka ýetirmäge synanyşýar. Men Ýatsenýuk barada aýdýaryn. Bu günki gün hökümet ýurduň gündogaryna barmaly we öz pikirlerini, näme etjek bolýandygyny adamlara gürrüň bermeli, sebäbi ol ýerde hem merkezi häkimiýetlere, hem-de günbatar Ukraina örän güýçli ynamsyzlyk döredi, şonuň üçin bu pikirleri diňe söz bilen üýtgetmek mümkin däl.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG