Sepleriň elýeterliligi

Diplomlary ykrar etmegiň täze tertibi


Bilim ministrlikdäki Daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek boýunça bilim tagtasy.

Bilim ministrlikdäki Daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek boýunça bilim tagtasy.

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary we orta bilim berýän okuw jaýlary tarapyndan berlen diplomlary resmi suratda tassyklamagyň täze tertibi kabul edildi. Bu tertipde şol çäräni durmuşa geçirmek üçin zerur bolan dokumentleriň sanawy hem görkezilýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň binasynda asylan bu tertip öňküden o diýen tapawutlanmaýar. Täze tertibe girizilen esasy täzelik oňa iki sany dokumentiň goşulmagyndan ybarat. Olaryň birinjisi, ýokary we orta bilimi baradaky diplomyny döwlet derejesinde tassyklatmak isleýän adamynyň pasportynyň nusgasy we onuň okuw üçin Türkmenistandan giden hem-de soňra okuwy gutaryp, yzyna gelen senelerini görkezýän ýazmaça düşündirişi.

Ikinji goşmaça-da, studentiň okan okuw jaýyndan onuň şol okuw jaýynda bir kursdan beýleki kursa geçendigini görkezýän ýazgydyr. Bu sprawkada studentiň bir kursdan beýleki kursa geçendigi barada okuw jaýynyň degişli buýrugy bolmaly.

“Täze tertibe şu goşmaça resminamalar goşuldy. Galan resminamalar öňki tabşyrylýan resminamalar” diýip, Bilim ministrliginiň işgäri gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, bu iki täze dokumentleriň girizilmegi raýatyň hakykatdan hem daşary ýurda gidip okandygyny anyklamak üçin zerur. “Bu çäre galp diplomlaryň öňüni almak üçin girizilýär. Ýogsam, okaman, adyny ýöredip diplom alýanlar bar” diýip, Bilim ministrliginiň efirde adynyň tutulmagyny islemedik işgäri aýdýar.

Mundan ozalky tertipdäki ýaly täzede hem daşary ýurt ýokary we orta okuw jaýynyň döwlete degişli ýa-da abraýly diýlip hasaplanýan okuw jaýlarynyň diplomlary ykrar ediler. Şol bir wagtda hem haýsy daşary ýurtlaryň hem-de olaryň haýsy ýokary we orta mekdepleriniň “abraýlydygy” anyklaşdyrylmaýar.

Aýdylyşyna görä, şol okuw jaýlarynyň sanawy Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bar. Emma ol sanawyň köpçülige elýeterli bolar ýaly asylan ýa-da çap edilen ýeri ýok.

“Bu ýagdaýdan daşary ýurtlarda okap ýören türkmen ýaşlarynyň köpüsiniň habary-da ýok. Şonuň üçin olaryň käbirleriniň diplomlary ykrar edilmeýär” diýip, daşary ýurtda okap gelen paýtagtly Maksat bu ugurdan öz pikirini aýan edýär.

Şeýle-de bu tertip boýunça diňe daşary ýurt ýokary we orta okuw jaýlarynyň gündüzki bölümlerinde okanlaryň diplomlary ykrar ediler. Gaýybana okuwy tamamlanlaryň diplomlarynyň Türkmenistanda resmi suratda tassyklanmagy barada bu tertipde hiç hili gürrüň hem ýok.

“Gaýybana okanlaryň şu ýyldan başlap diplomlary ykrar edilmez” diýip, Bilim ministrliginiň işgäri hem bu pikiri tassyklady.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň başyndan ýurtda daşary ýurtlarda gaýybana okanlaryň diplomlarynyň ykrar edilmejekdigi barada gürrüňler döräpdi. Ýaşlaryň işinden aýrylmazlyk şerti bilen ýokary bilim almagyna ýardam edýän bu mümkinçiliklerinden mahrum edilmekleriniň sebäpleri barada resmi taýdan düşündiriş berilmedi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan daşary ýurtlarda gaýybana okanlaryň diplomlarynyň ykrar edilmeýändigi barada bildiriş hem berilmedi. Ýogsa, bu hili okuwlarda okaýan türkmen ýaşlary az hem däl.

“Gaýybana okap, diplom edinmek arzanrak hem-de amatly bolýar. Okuw üçin işden çykmaly däl hem-de uly çykdajy edip, daşary ýurtda ýaşamaly däl. Indi bolsa 2-3 ýyl gaýybana okap ýörenleriň okuwy köýer” diýip, Maksat bu meselede öz garaýşyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynda okan ýa-da häzirki wagtda okuwyny dowam etdirýän türkmenistanlylar barada anyk statistiki maglumat berilmese-de, olaryň sanynyň birnäçe müňe ýetýändigi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG