Sepleriň elýeterliligi

​Kiýew: Referenduma “garşy däl”


Ukrainanyň häzir iş başyndaky wagtlaýyn prezidenti Oleksandr Turçinow ýurduň hökümetiniň nähili bolmalydygy barada umumyhalk referendumyň geçirilmegine ukrain hökümetiniň “garşy däldigini” aýtdy.

Turçinow 14-nji aprelde telewideniýede eden çykyşynda referendumyň 25-nji maýda geçirilmegi planlaşdyrylýan prezidentlik saýlawlary bilen bir günde geçirilip bilinjekdigini belledi. Turçinow ukrainleriň aglabasynyň birleşen we garaşsyz ýurdy goldajagyna ynanýandygyny sözüne goşdy.

Moskwada bolsa, Russiýanyň daşary işler ministri Segeý Lawrow Kiýewde maslahat edilen referendum barada has köp maglumata zerurlyk bardygyny aýtdy.

Referendum geçirmeklik Ukrainanyň gündogaryndaky hökümet binalaryny gabawlykda saklaýan Russiýa tarapdary separatistleriň esasy talaplarynyň biridir.

Russiýa tarapdary şol separatistleriň hökümetiň beren ultimatumyna, ýagny soňky duýduryşyna boýun bolup, ýaraglaryny tabşyrmaga we eýelän hökümet jaýlaryny terk etmäge taýýarlyk görýändigini görkezýän alamatlar göze ilmeýär.
XS
SM
MD
LG