Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň ogullarynyň sud diňlenişigi başlady


Liwiýanyň häkimiýetden çetleşdirilen prezidenti Muammar Kaddafiniň ogullarynyň we ýurduň öňki režiminiň 30-dan gowrak resmisiniň sud diňlenişigi Tripoli şäherinde başlady.

Gürrüňi edilýän tussaglar korrupsiýadan başlap, ýurtda 2011-nji ýylda bolan gozgalaňlar mahaly adam öldürmeleri bilen ilteşikli uruş jenaýatlary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. 2011-nji ýylda bolan şol gozgalaňlaryň netijesinde Kaddafi häkimiýetden çetleşdirilipdi we ol ele salnandan soň öldürilipdi.

14-nji aprelde Al-Hadba türmesinde sud diňlenişigi başlan mahaly Kaddafiniň ogullary Saadi Kaddafi we Saif al-Yslam sud zalynda görünmeýärdi.

Bu işi derňeýan baş sülçiniň sözlerine görä, derňewler dowam edýändigi sebäpli Saadi sud zalyna gelmez. Liwiýanyň günbatarynda saklanylýan Saif al-Yslamyň bolsa sud diňlenişigine wideo şekilli gepleşik arkaly gatnaşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG