Britaniýa Ukrainanyň gündogarynda ýaýbaňlanýan krizise jogap hökmünde Russiýa garşy “has köp sanksiýalary” girizmegi üçin Ýewropa Bileleşigine çagyryş edýär.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 14-nji aprelde geçirjek ýygnagyna gatnaşmak üçin Lýuksemburga baran Britaniýanyň daşary işler ministri William Hague “Russiýanyň özüni-alyp barşyna jogap hökmünde has köp sanksiýalaryň girizilmelidigini” aýtdy.
Şeýle-de, Hague “[Ukrainadaky] bu ýagdaýyň Russiýa tarapyndan planlaşdyrylyp, döredilendigine hakyky manyda hiç hili şübhe bolup bilmez” diýdi.
Ýewropa Bileleşigi rus resmileriniň käbirlerine eýýäm syýahat gadagançylyklaryny girizip, bank hasaplaryny doňdurdy. Şeýle-de, ÝB has köp ykdysady sanksiýalaryň bolup biljekdigi barada hem haýbat atypdy.