Sepleriň elýeterliligi

Lawrow Ukrainada güýç ulanmazlyga çagyrýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainanyň gündogaryndaky krizisy çözmek üçin güýç ulanylmagyna garşy düýdüryş bilen çykyş etdi. Bu regionda separatistler azyndan 10 şäherde hökümetiň edara jaýlaryny eýelediler.

15-nji aprelde Pekine eden saparynyň dowamynda eden bu çykyşynda Lawrow güýç ulanylmagynyň 17-nji aprelde Ženewada Ukraina boýunça geçiriljek dört taraplaýyn gepleşiklere zyýan berjegini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, Ukrainanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Oleksandr Turçinow ýurduň gündogaryndaky Donetsk regionynda howpsuzlyk güýçleriniň 15-nji aprele geçýän gijede “terrora garşy” operasiýa başlandygyny yglan etdi.

Turçynow Orsýeti Ukrainanyň günorta-gündogar bölegini durnuksyzlandyrmak boýunça gizlin planlaryny amala aşyrmakda aýyplady.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 14-nji aprelde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Putini Ukrainadaky separatistleri köşeşdirmek üçin öz täsirini ulanmaga ündedi.

Orsýet Ukrainadaky durnuksyzlyga gatnaşygyny ret edýär.
XS
SM
MD
LG