Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana: Protestçi zenanlar tussag edildi


Gazagystanyň polisiýasy Astanada protest geçirip, özlerini Baş prokuraturanyň binasynyň öňünde zynjyrlan alty zenany tussag etdi.

Protestçi zenanlar öz ýerleriniň ellerinden alnyp jaýlarynyň ýykylmagy üçin Astananyň häkimiýetleri tarapyndan degerli kompensasiýa berilmändigini aýdýarlar. Ýykylan hususy jaýlaryň ýerine täze döwlet binalarynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

15-nji aprelde geçirilen proteste gatnaşan zenanlar baş prokuror Ashat Dauylbaew bilen duşuşmak islediler.

Polisiýa zenanlaryň baglanna zynjyrlaryny güýç bilen döwüp, zenanlary tussag etdiler. Polisiýa žurnalistleriň bu ýagdaýy surata düşürmegine ýol bermediler.

14-nji aprelde dört zenan özlerini parlamentiň jaýynyň öňünde zynjyrladylar. Kanun çykaryjy Swetlana Byçkowa protestçiler bilen duşuşyp, problemany çözmegi wada berdi.

11-nji aprelde Astanada şuňa meňzeş protestiň dowamynda polisiýa 30 adamy, şol sanda çagalary tussag etdi.
XS
SM
MD
LG