Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Täze regional gurama maslahat edilýär


Moskwada Orsýetiň, Belarusyň we Gazagystanyň premýer-ministrleri Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigini döretmek boýunça ylalaşygy maslahat edýärler.

Orsýetiň hökümetiniň metbugat-gullugy premýer-ministr Dmitriý Medwedewiň 15-nji aprelde Gazagystanyň we Belarusyň hökümet baştutanlary Karim Masimow we Mihail Mýasnikowiç bilen ikiçäk duşuşyklary hem geçirjegini mälim etdi.

Bu üç döwlet Gümrük Bileleşigine agza ýurtlardyr. Orsýetiň resmileri bu Gümrük Bileleşigine öňki sowet ýurtlaryny çekmäge synanyşyp gelýärler we bu guramanyň 2015-nji ýyldan soň ÝB-ne meňzeş regional bileleşige öwrüljekdigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da, Gümrük Bileleşiginiň agzalary söwda degişli çözülmäge mätäç agyr meseleleriň bardygyny hem aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG