Sepleriň elýeterliligi

logo-print

RWE Ukraina gaz akdyrýar


Germaniýanyň RWE energiýa şirketi Ukraina gaz akdyrmaga başlandygyny aýtdy. Bu çäre Orsýetiň Ukraina akdyrýan gazynyň bahasyny artdyrmagynyň yzýany başlandy.

Ukrainanyň we Orsýetiň arasynda dartgynlylygyň dowam edýän wagtynda Moskwa Kiýewe satýan gazynyň bahasyny öňki nyrhyň üçden bir böleginden gowrak ýokarladýandygyny aýtdy we eger Ukraina gaz üçin bergisini üzmese gaz üpjünçiligini kesmek planyny yglan etdi.

RWE kompaniýasynyň aýtmagyna görä, Ukraina gaz üpjünçiligi Polşanyň üstünden 15-nji aprelde başlanypdyr. Kompaniýa 2012-nji ýylda baglaşan ylalaşygyna laýyklykda Ukraina ýylda 10 milliard kubometr gazyň akdyryljagyny we gaz eksportynyň “Ýewropanyň lomaý nyrhlaryna” esaslanjagyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG