Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Halkara teatr festiwaly açyldy


Aşgabatda 2-nji halkara teatr festiwaly açyldy. 15-17-nji aprel aralygynda “Galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanasynyň teatr sungaty” ady bilen geçirilýän bu halkara medeni çäresine 14 ýurduň 16 teatr kollektiwleri gatnaşýar.

Resmi maglumatlara görä, festiwalyň programmasynyň çäginde dürli žanrlara degişli spektakllaryň görkezilmegi we teatr bilermenleriniň duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Aşgabatda Halkara teatr festiwaly 2012-nji ýylda hem geçirilip, bu çärä 11 ýurduň teatr toparlary, şol sanda ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Sudanyň we käbir GDA ýurtlarynyň döredijilik kollektiwleri gatnaşypdy.
XS
SM
MD
LG