Sepleriň elýeterliligi

Abdullah: Hyzmatdaşlyga taýynlara ýol berler


5-nji aprelde geçirilen saýlawlarda Abdullah öňde baryjy kandidatlaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

5-nji aprelde geçirilen saýlawlarda Abdullah öňde baryjy kandidatlaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

Owganystanyň prezidentligine dalaşgär Abdullah Abdullah eger-de ol saýlawlarda ýeňiş gazansa, hiç kimi, hatda öz garşydaşlaryny hem hökümetden aýyrmajakdygyna söz berýär.

5-nji aprelde geçirilen saýlawlarda Abdullah öňde baryjy kandidatlaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Azatlyk Radiosy Abdullah bilen ýörite söbhetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Sizi beýleki kandidatlardan, aýratyn-da özüňiz ýaly öňdäki hatarda barýan Aşraf Gani bilen Zalmaý Rasuldan tapawutlandyrýan zatlar näme?

Abdullah: Meni beýlekilerden tapawutlandyrýan zatlar tejribäm, pikir-düşünjäm, watanyma eden hyzmatlarym, şeýle hem programmamyň esasynda owganystanyň halkyndan alan seslerim.

Men Sowet Soýuzyna görkezilen garşylyk hereketinde lukman bolup işlälim bäri halka hyzmat edip gelýärin. Şondan bäri Owganystanda bolup, şu döwrüň dowamynda ýurda degişli işler bilen meşgullandym.

2001-nji ýyldan beýläk hökümetde, ondan soň hem oppozisiýada boldum. Beýleki kandidatlar oppozisiýada bolanoklar. Men soňky alty ýyllykda oppozisiýada bolup, hökümetiň özüme hödürlän orunlaryndan ýüz öwürdim. Ýurduň raýatlary hökmünde biziň hemmämiz deňhukukly hem deň jogapkärçilikli. Ýöne kandidat hökmünde maňa beýlekilerden köprak ses bermek bilen bu tapawudy girizen halkyň özi.

Azatlyk Radiosy: Prezident bolsaňyz, Owganystanyň syýasy sistemasyny üýtgedermisiňiz? Siz häkimiýeti merkezden bölüp aýryp, federalizmi girizmegi, premýer-ministrlik ornuny döretmegi [göz öňünde tutýandygyňyzy] ençeme gezek aýtdyňyz, bu orun Owganystanda häzir ýok.

Abdullah: Sistemany üýtgetmek, ony prezidentlikden parlamentar sistema geçirmek biziň syýasy platformamyzyň bir bölegi. Ýöne bu öz-özünden boljak zat däl. Sebäbi ondan öň edilmeli birnäçe iş bar. Biz muny şondan soňra edip bileris.

Ýurduň Baş kanuny barada Loýa Jirgada maslahat geçirilmese, konstitusiýany üýtgedip bolmaz. Syýasy partiýalara köpräk güýç-gudrat berip, saýlaw kanunyny üýtgetmek hem biziň syýasy programmamyzyň bir bölegi.

Etraplara, welaýat geňeşlerine köpräk ygtyýarlylyk berilmegine ýol açmak hem biziň syýasy platformamyzyň bir bölegi.

Azatlyk Radiosy: Siz saýlansaňyz, Hamid Karzaý häkimiýet başyndan aýrylanyndan soň oňa hökümetden bir rol berjekdigiňizi aýtdyňyz. Bu rol nähiliräk bolmaly?

Abdullah: Bu barada jikme-jik gürrüň edilenok. Karzaý bu barada meniň bilen gürleşenok. Umuman aýdanyňda, ýurduň geljekki prezidentine öwüt-ündew edip, milli agzybirligi güýçlendirmekde Karzaý ýurduň hyzmatynda bolar.

Azatlyk Radiosy: Owganlaryň käbiri siz saýlansaňyz, hökümetiňizde agdyklyk edenler öňki uruşparaz serkerdeler we yslamçylar bolar diýip alada edýärler. Wise-prezidentlige dalaş edýänleriň ikisi-de yslamçy patiýalaryň agzalary. Muňa näme jogap berersiňiz?

Abdullah: Halkda bu gorky ýok. Ýöne, nädogrudygyny bilseler-de, bu gürrüňleri ýaýradýan käbir adamlar bar. Halkda bu gorky ýa başga bir gorky bolsady, onda olar bize ses bermezdiler. Owganystanyň ähli künjeklerinden, ähli obalaryndan biz ses berildi.

Azatlyk Radiosy: Prezidentlige saýlansaňyz, siziň hökümetiňizde häzirki bäsdeşleriňize orun bolarmy?

Abdullah: Ýurtda ileri tutulýan meseleleriň esasynda, biziň pikir-düşünjämiziň esasynda, Owganystanyň geljegi baradaky platformamyzyň esasynda bu pikirlere goşulyp, hyzmatdaşlyga taýyn adamlara ýol beriler. Olary hasaba almazlyk niýetimiz ýok.
XS
SM
MD
LG