Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat "abatlanýar"


Turkmenistan - Man with shovel in Turkmenabat, 03May2013
Turkmenistan - Man with shovel in Turkmenabat, 03May2013
Şu günler Türkmenabatda durmuş diýseň gyzgalaňly geçýär, hamana göýä uly bir baýramçylyga taýýarlyk görülýän ýaly: şäheriň esasy köçeleri abatlanýar, olaryň daş-töweregindäki jaýlar timarlanýar, reňklenýär; guran agaçlaryň deregine täze, ýetişen baglar oturdylýar, ýollaryň gyrasyndaky bordýurlar täzelenip, käbir köçelerde bolsa öňkülere meňzemeýän yşyklandyryş sütünleri dikilýär.

Resmi metbugatda bu çäreler barada hiç hili maglumat berilmese-de, ýerli ilatyň aglabasy bulary şu ýylyň oktýabrynda Türkmenabatda geçirlmeli Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşdyrýar.
Türkmenabat 'abatlanýar'
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:32 0:00

"Aýratynlyk"

Prezidentiň saparlarynyň öňüsyrasy şähere “täze durkuň” berilmegine eýýäm belli bir derejede adaty bir zat hökmünde garalýar. Emma welin häzirki “abatlaýyş” işlerinde iň azyndan bir tapawut göze ilýär, ol hem kommunal hojalyk edarasynyň işgärlerinden başga-da, bu çärelere beýleki edaralardyr pudaklaryň resmileirniň hem çekilmegi.

Köçelerde töweregini synlap duran, eli kitaba meňzeş gündelikli edara ýolbaşçylary, ýa bolmasa-da ala hasyrdy bolup başlyklaryň buýrugyny ýerine ýetirýän işgärleriň alagaraňka çenli işleýändigini, köçeleri yzygiderli arassalaýandyklaryny görse bolýar.

Kommunal hojalyk işgärlerinden başga-da bu ýerde şäher häkimliginiň, ýol gurluşyk, elektrik gözegçilik, şäher arassaçylygy ýaly edaralaryň işgärleri işleýärler. Işleýän edaralaryň sany köp bolansoň şol edaralara degişli ýolbaşçylaram öz çäginde aýlanyp, işiň gidişine gözegçilik edýärler. Ýöne ýolbaşçy işler bilen deňeşdireniňde, bu işleriň esasy agramy gara işlerde işleýänleriň gerdenine düşýär.

Günde sekiz sagat işlemeli bu işgärleriň işiniň käte daňdandan tä gijä çenli dowam edýän wagtlarynyň-da bolýandygyny aýdýarlar. Ertesi güni öýläne çenli dynç alyş berselerem, ukynyň we iş tertibiniň bozulmasynyň agyr degýändigini ýol gurluşyk edaralarynyň biriniň özüni Myrat diýip tanadan işgäri gürrüň berýär.

“Bir gün men Görogly köçesiniň ugrunda daňdana çenli işlemeli boldum. Köçeleriň gyralaryny arassalap, betonyny döwüp, gazmaly ýerlerini gazyşdyryp, ertire çenli ýetişdirmeli diýdiler. Ýöne ertesi güni öýläne çenli dynç berselerem, maňa beýdip işlemek agyr degýär” diýip, ol iş wagtynyň bozulmaly däldigi barada öz pikirini beýan edýär.

"Gul hasabynda görä

Myrat özleriniň kesgitlenen zähmet wagtyndan hem artyk işledilýändiklerine garamazdan, hiç hili goşmaça tölegleriň edilmeýändigini aýdýar.

“Biz edil gul hasabynda hem diýseň boljak. Başlyklar agzyna gelenini diýýär, goşmaça pul hem berenoklar. Näme edeýin?! Alajym näme?!” diýip, Myrat ellerini gowşuryp, gürrüň berýär.

Myrat özleriniň şeýle tertipde işledilýändigi üçin arz etmäge mümkinçilikleriniň ýokdugyny, degişli ýolbaşçylaryň “işlemejek bolsaň, arzaňy ýaz!” diýen haýbatyndan çekinip, döwlet tarapyndan kesgitlenen möhletden hem artykmaç işlemeli bolýandyklaryny aýdýar.

Şol bir wagtda-da şäher kommunal hojalygynyň işgärleri Türkmenabadyň ähli ýerlerinde agzalan tertipde deňeçer işledilmeýär. Gyzgalaňly işler aglaba Ýaşulular maslahaty döwri prezidentiň geçäýjek ýollarynda amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG