Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Orsýet bilen ritorikany güýçlendirýär


Ýewropa we Ýewraziýa boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Wiktoria Nuland.

Ýewropa we Ýewraziýa boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Wiktoria Nuland.

Ukrainada dartgynly ýagdaýyň möwjemegi sebäpli Orsýet bilen barýan göreşde amerikan administrasiýasy ritorikany güýçlendirdi.

Orsýetiň aýdýan zatlaryny birin-birin ýalana çykarmakdan başlap, sosial mediada urşuň bir çetine baryp direýän dawa-jenjeller Waşingtonyň Obamanyň "reset" ýagny ýamaşgan diýilýän syýasatyna esaslanýan diplomatiýasyna bütinleý ters gelýär.

"Äheňde üýtgewiň bardygy belli, ýöne Orsýetiň aheňinde-de üýtew bar. Bu oýun iki bolup oýnalýan oýun" diýip, Obamanyň administrasiýasynyň "reset" syýasatyna ýakyndan gatnaşan bir öňki amerikan resmisi aýdýar.

2013-nji ýylda iki taraplaýyn gatnaşyklaryň juda ýaramazlaşmagy, şol sanda "Magnitsky Act" sanksiýalary, Siriýada barýan ganly graždanlyk urşy, Orsýetiň Edward Snowdene pena bermegi hem Waşingtonyň bular ýaly sazlaşykly maglumat hüjümine geçmegine getirmändi.

Ukrainadaky ýagdaýlar

Üstümizdäki hepde orsýetçi ýaragly güýçler gündogar Ukrainada hökümet jaýlaryny eýeläp ýörkä hem amerikan resmileri öz hüjümlerini dowam etdirdiler. Moskwa bu wakalarda eliniň bardygyny inkär edýär.

"Orsýet Ukrainadaky ýagdaýyň graždanlyk urşuna getirmegi mümkin diýýär. Ýöne ors prowokatorlary bolmasady, häzirki zatlar bolmazdy" diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň 13-nji aprelde Twitterde ýerleşdirilen maglumatynda aýdylýar.

Döwlet departamenti şol gün irden aýry-aýry beýannamalar çykaryp, "Orsýetiň Ukrainanyň durnuksyzlygyna goşýan goşandy baradaky subutnamalary" görkezdi.

Noýabr aýynyň aýaklarynda, Ukrainada köpçülikleýin protestler turmazdan öň, Obamanyň administrasiýasynda käbir işgärleriň çalşylmagyna "reset" döwrüniň real syýasatyndan süýşülip, Moskwa barada has berk liniýanyň ýöredilmegi diýip baha berlipdi.

Mysal üçin, Wiktoria Nuland Ýewropa we Ýewraziýa boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary bellenildi. Onuň kandidatlygyny bolsa daşary syýasatda dyzmaç hasaplanýan Jon MkKain we Lindseý Graham ýaly adamlar goldadylar.

Sentýabr aýynda Senat tarapyndan tassyklanan Nuland Waşington tarapyndan Kiýewdäki hökümete görkezilýän goldawda we Ukrainanyň häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezidenti Wiktor Ýanukowiçe garşy çykmakda birinji hatarda durýan tanymal ses we ýüz hasaplanýardy.

Has düýpli

Ýöne Waşingtonda ritorikanyň üýtgemegine ilkinji nobatda sebäp bolan Ukrainadaky adatdan daşary wakalar boldy. Olara amerikan resmileri soňky ýyllarda bolan beýleki özara dawalardan täsiri has güýçli, has düýpli diýip baha berýärler.

Muny Birleşen Ştatlaryň Ukrainadaky öňki ilçisi Stewen Pifer şeýle düşündirýär: "Administrasiýanyň Ikinji jahan urşundan soňraky tertip-düzgüniň düýpli bozulmagy diýip garaýany, - meniň pikirimçe hem dogry, - orslaryň edýän işleri. Bu düzgünleriň biri - beýleki ýurtlaryň territoriýasyny harby güýç ulanyp eýelemezlik. Orslaryň Krymda edeni edil şu".

Emma Moskwa bu anneksiýany Krym halkynyň isleginiň beýany diýip gorap, muny Kosowanyň 2008-nji ýylda garaşsyzlyk yglan etmegine deňedi. Kosowanyň garaşsyzlygyny bolsa, günbatar döwletleri goldadylar, ýöne Orsýet oňa garşy çykypdy.
XS
SM
MD
LG