Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kramatorsk: Ukrain harbylary aeroporty eýelediler


Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleriniň Kramatorsk şäherinde orsýetparaz toparlara garşy operasiýa başlandygy barada habar berilýär.

Kramatorsk şäheriniň aeroportunda ok atyşygyň bolandygy aýdylýar.

Orsýetiň “Interfaks” agentligi Donbasyň orsýetparaz meýletinçiler toparynyň ýolbaşçysy Sergeý Tsyplatkowa salgylanyp, bu toparyň iki agzasynyň ýaralanandygy barada habar berdi.

“Reuters” habar agentligi bir şaýada salgylanyp, iki sany dikuçaryň Ukrainanyň aeroportunda gonup, ukrain harbylaryny düşürendigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG