Sepleriň elýeterliligi

Jomart bormuş aşyk bolan ýigitler,
Aýratynam uçran ilkinji söýgä.
Başarmajak zadyn söz berip gyza,
Başarjagnam etmän çümermiş gaýga.
Şekspir

***
Bary-ýogy bäş-on sekund ýeterlik,
"Söýýän seni" diýip ant içmek üçin.
Sözde däl-de, iş ýüzünde söýgiňi,
Walla, ömürboýy subut etmek kyn.
Näbelli awtor

***
Eger-de kimde-kim kyrk ýaşa deniç
Söýüşmedik bolsa ýekeje gezek,
Ondan soňra il güldürip nätjekmiş --
Çalajan, kör duýgy, aýt, kime gerek?
Bernard Şou

***
Kyrk çilläň gary deý päk bolsa duýgy,
Juwanlar bir heňi sazlaşyk çalsa,
Has beterem söýgi diýlen keramat
Diňe kellede däl – ýürekde bolsa.
Näbelli awtor

***
Eger sen söýgüden ýigrenje çenli
Ätjek bolsaň bary-ýogy bir ädim,
Onda sen bir zady juda bek belle –
Ömrüňi sarp etmän dolanjak nädip?
Waleriý Krasnowskiý

***
Aýralyk diýlen zat çyn söýgi üçin,
Irginsiz üflenýen güýçli bir ýeldir.
Duýgy güýçli bolsa möwç alar beter,
Çalajan söýgini dikeltmez – öldir.
Roje de Býussi.

***
Söýgi diýlen urşa meňzeş zat eken –
Başlamak ap-aňsat, gutarmak çetin.
Bar, sen başladyňam, gutardyňam-da,
Soňra ýatdan çykaraýmak juda kyn.
Aleksandr Kuprin

***
Söýgi bilen aşyklygyň arasy
Howply jeňňel – girip bolmaz çetinden.
Aşyk bolan tanalýandyr gözünden,
Söýýän tanalýandyr hereketinden.
Artur (Goblin)

***
Çyn söýginiň geň bir häsiýeti bar:
Ýedi gat asmana göterýä bizi!
Bizem eýýäm ýere garap ýokardan,
Göremzok aşakda söýgülimizi.
Konstantin Kuşner

***
Öz-özüne aşyk bolup ýöreniň,
Garşydaşy ýa bäsdeşi bolmaýa.
Heniz diňe özün söýýänler barka,
Narsis atly gül hiç haçan solmaýa.
Mark Tulliý Siseron

Terjime eden, toplan Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.
XS
SM
MD
LG