Sepleriň elýeterliligi

​G.Koreýa: 300 çemesi adam ýitirim


Günorta Koreýanyň resmileri ýurduň günorta-günbatar kenarynda gämi gark bolandan soň, 300-e golaý adamdan heniz hem hiç hili habar ýok diýýärler.

Gürrüňi edilýän bu gämi 16-njy aprelde batan mahaly, onuň içinde 459 çemesi ýolagçy we ekipaž agzalary bardy. Resmiler bu wakada iki adamyň ölendigini we takmynan 164 sanysynyň hem halas edilendigini tassykladylar.

Bu gäminiň batmagyna nämäniň sebäp bolandygy barada henize çenli takyk maglumat ýok. Şeýle-de, resmiler batan gämide Seulyň golaýyndaky mekdebiň 325 okuwçysynyň bardygyny habar berdiler.

Batan gämidäki ýolagçylary halas etmek çärelerine onlarça gämi, dikuçar we suwa çümüjiler gatnaşýarlar. Birleşen Ştatlaryň deňiz güýçleri özüniň gämilerinden biriniň halas ediş çärelerine goşuljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG