Sepleriň elýeterliligi

​Boston partlamalary: Işewür derňewçileri aýyplaýar


Boston partlamalary bilen aýyplanýanlaryň dostunyň kakasy öz oglunyň sud işiniň soňa goýulmagy üçin derňewçileriň elinde baryny edýändigini aýtdy.

Gazak işewüri Amir Ismagulow 16-njy aprelde Astana telekanalyna beren interwýusynda “biziň Birleşen Ştatlaryna ynjalyksyz soraglarymyz bolany sebäpli” ABŞ-nyň Astanadaky ilçihanasy bize wiza bermekde ikirjiňlenýär diýdi.

Ismagulowyň ogly Azamat Tažaýakow we başga-da bir gazak talyby Dias Kadyrbaýew Boston partlamalaryny amala aşyrmakda güman edilýän Džokhar Tsarnaýewiň dostlarydy. Olar adalata päsgelçilik döretmek we derňewçilere ýalan sözlemek aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Resmileriň sözlerine görä, gürrüňi edilýän gazagystanly iki talyp Boston partlamalaryndan üç gün soň, bir noutbuky we içinde boş feýrwerk gabyklary bolan rýukzagy Tsarnaýewiň umumy ýaşaýyş jaýyndaky otagyndan alyp gidipdirler.

2013-nji ýylyň 15-nji aprelinde bolan Boston partlamalarynda üç adam ölüp, 260-dan gowragy hem ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG