Sepleriň elýeterliligi

Dagystan: Dört söweşiji öldürildi


Russiýanyň howpsuzlyk güýçleri Dagystanda howpsuzlyk operasiýalary geçirýän mahaly dört söweşijini öldürdiler. Terrorçylyga garşy göreş boýunça Milli komitetiň berýän maglumatyna görä, söweşijiler Mahaçkalanyň çetindäki jaýa gaçyp, ýarag taşlaýyşdan ýüz öwüripdirler.

Howpsuzlyk güýçleri gürrüňi edilýän territoriýanyň daş-töweregini gabap alandan soň, söweşijiler öz ýoldaşlarynyň biriniň aýalyna we çagasyna binadan daşary çykmaga rugsat beripdirler.

Şondan soň, Russiýanyň güýçleri bilen söweşijileriň arasynda ok atyşyk başlanyp, netijede binanyň içindäki söweşijileriň ählisi öldürilipdir.

Dagystanda we Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regionyndaky beýleki respublikalarda, şol sanda Çeçenistanda, Kabardino-Balkariýada we Inguşystanda ýowuzlyklar giňden ýaýrandyr.

Yslamçy söweşijiler we jenaýatçy toparlar rus harbylaryny we ýerli resmileri ýygy-ýygydan nyşana alýarlar.
XS
SM
MD
LG