Sepleriň elýeterliligi

​Iordaniýa: Harby ulaglar ýok edildi


Iordaniýa özüniň uruş uçarlarynyň Siriýadan ýurda girmäge synanyşýan harby ulaglara hüjüm edendigini we olary ýok edendigini habar berýär.

Bu ulaglaryň kimiň jogapkärçiligindedigi ýaly wakanyň jikme-jikleri barada henize çenli maglumat berilmedi.

Ýurduň harbylarynyň ýaýradan beýanatynda Iordaniýa howa güýçlerine degişli uçarlaryň 16-njy aprelde “Iordaniýa-Siriýa araçägini geçmäge synanyşýan birnäçe harby ulagy” ýok edendigi aýdylýar.

Siriýadaky uruş sebäpli Iordaniýada siriýaly takmynan 600 müň bosgun hasaba alnandyr.

Siriýada mundan üç ýyl ozal başlan konfliktleriň Irodaniýa ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Iordaniýa serhetlerindäki gözegçiligi güýçlendirdi.
XS
SM
MD
LG