Sepleriň elýeterliligi

​Kabul: Zenan deputata hüjüm edildi


Owganystanyň parlamentiniň zenan agzasy Marýam Kufi Kabuldaky öýüniň golaýynda atylyp, ýaralandy.

Kabul şäher polisiýasynyň başlygy Mohammad Zaheriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Kufiniň 15-nji aprel güni giçlik aýagyndan atylandygy habar berilýär. Zaheriň sözlerine görä, Kufiniň saglyk ýagdaýy oňat we ol hüjümden aman galar.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda wakany amala aşyrmakda güman edilýän hüjümçiniň, ýagny ýurduň hukuk goraýjy organynyň ofiseriniň tussag edilendigi aýdylýar. Bu barada goşmaça maglumat berilmedi.

Marýam Kufi birnäçe hüjümlerden aman galan açykgöwünli owgan parlamentçisi we aktiwist Fawzia Kufiniň doganydyr.
XS
SM
MD
LG