Sepleriň elýeterliligi

Ýaz paslynyň gelmegi bilen paýtagtyň il içinde GORONO diýip atlandyrylýan Baş bilim müdürliginiň ýollama berýän işçi toparynyň edara jaýynyň öňünde, çagalaryny çagalar bagyna ýerleşdirjek bolýan aşgabatlylaryň uly nobatlaryny her gün diýen ýaly görse bolýar.

Bu edaranyň gapysynyň öňünde öz nobatyna garaşyp duran 40-50 adam, edara açyk bolsa, elmydama-da bar diýen ýaly. “Aslyýetinde her gezek 150-ä golaý adam bu nobatlara ýazylýar” diýip, eýýäm dördünji gezek çagasyny çagalar bagyna salmaga synanyşýan Aýnabat aýdýar.

GORONO-nyň öňündäki nobat

GORONO-nyň öňündäki nobat

Bu nobatlary “biderek kösenç we wagt ýitirmek” diýip atlandyran Aýnabadyň pikiriçe, şeýle ýagdaýlaryň döremegine edaranyň adamlary kabul ediş wagtlary sebäp bolýar. GORONO hepdäniň üç güni, ýagny sişenbe, çarşenbe we penşenbe günleriniň birinde paýtagtyň bir ýa iki etrabyndan bolan ene-atalary kabul edýär. Hepdäniň galan günleri kabul edişlik düýbünden ýok.

Edaranyň ene-atalary kabul edýän wagty hem olary o diýen kanagatlandyryp barmaýar. 15:00 dan – 18:00-a çenli kabul edişlige her kim ýetişip bilmeýär. “Nobata durup, soňam edaranyň iş wagty gutaryp, indiki hepde ýaňadan nobata durmaly bolýan ene-atalar az däl” diýip, Aýnabat gürrüň berýär.

GORONO-nyň iş tertibi

GORONO-nyň iş tertibi

Onuň aýtmagyna görä, GORONO-da nobata duranyň bilenem çagaňy çagalar bagyna ýazdyryp biljekdigiň gümana. Ene-atalaryň ýazga duran degişli etraplaryndaky çagalar bagynda “ýer ýok” diýen ýaly jogaplar bilen hem ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.

Paýtagtly Arzy hem şolar ýaly jogap bilen çagasyny çagalar bagyna berip bilmedik ene-atalaryň biri. Onuň pikiriçe, çagalar baglaryna ýerleşdirmekdäki “ýer ýok” diýen bahana emeli döredilýär.

“Meniň ýaşaýan ýerime golaýdaky 55, 53 we 93-nji çagalar bagynda ýer ýok diýip aýtdylar. Olaryň ýerine şäheriň beýleki çetindäki, Hitrowkadaky çagalar bagyna “naprawleniýe” bereli diýip aýtdylar. Ol çagalar bagy bolsa meniň öýümden daş” diýip, Arzy gürrüň berýär.

Arzy özüniň ýazga duran etrabyna degişli çagalar baglarynda boş ýerleriň bardygyny, emma olaryň “satuwa” çykarylýandygyny çak edýär. “Şol çagalar bagyna çagaňy ýerleşdirmek üçin azyndan 200 dollar bermeli. Şonuň üçin ýer ýok diýýärler. Maňa “ýer ýok” diýip goýberen günleri goňşularymyzyň biri öz çagasyna şol bir çagalar bagyndan ýer “satyn alandygyny” aýtdy” diýip, Arzy gözüniň alnynda bolup geçen parahorluk barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Çagasyny öz öýüniň golaýyndaky çagalar bagyna berip bilmeýän Arzy indi hut şol sebäpden ozal uly kynçylyk bilen tapan öz aýlykly işindenem mahrum bolup barýar. Ol çagasyny çagalar bagyna ýazdyryp, işe başlamakçy bolupdyr. Ýöne öýde adam bolmansoň, häzir ol işe hem gidip bilmeýär.

Sowuk howa şertlerine garamazdan hem adamlaryň nobatlary kesilmeýär

Sowuk howa şertlerine garamazdan hem adamlaryň nobatlary kesilmeýär

“Men-ä, dogrusy, näme etjegimi hem bilemok. Baran ýeriňde ellerini uzadyp ‘para’ diýşip otyrlar. Şu sadagasy bolaýyn körpelere gezek gelende bir ynasaplyrak bolaýsalar bolmaýarmy?! Men indi balamy nätsemkäm?!..” diýip, Arzy özüniň kyn ýagdaýdadygyny bildirip, sorag bilen ýüzlenýär.

Arzy öz meselesi boýunça paýtagtyň bilim edaralaryna gözegçilik edýän gurama bolan ”Ruhnama” mekdebinde ýerleşýän paýtagtyň Baş bilim müdürligine hem ýüz tutupdyr. Emma ol ýerden hem meselesini çözüp bilmänden soň, Bilim ministrligine arz etjekdigini aýdypdyr. Arzy muňa garşylyk “etseň edersiň-dä!” diýen kinaýaly jogaby alandygyny aýdýar.

Arzy ýaly çagalaryny çagalar baglaryna ýerleşdirip bilmeýän başga-da ene-atalar az däl. Ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, “çagalar bagynda ýer ýok” bahanasy bilen GORONO-nyň gapysynda ep-esli wagt nobata durup, eli boş çykýan ene-atalar gün-günden köpelmese azalanok.

Arzynyň we Aýnabadyň öz çagaglaryny bermekçi bolýan çagalar baglary hökümetiň hasabyna işleýän çagalar edarasy. Ol çagalar baglaryna terbiýelenýän her bir çaga üçin her aýda resmi taýdan 8 manat tölemeli. Elýeterli bolan soňky resmi statistik maglumatlara görä, 2012-nji ýylda ýurt boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 871 sanysy bolup, olarda 190 müň çaga terbiýelenipdir.


Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG