Sepleriň elýeterliligi

Merkezi aziýaly hukukçylar birleşýär


 Farid Tuhbatulin

Farid Tuhbatulin

Merkezi Aziýanyň üç sany we Ýewropanyň bir jemgyýetçilik guramasy bir koalisiýa döredip, Gazagystanda, Täjigistanda we Türkmenistanda esasy adam hukuklarynyň berjaý edilmegi ugrunda bilelikde işleşmek üçin täze bir proýekte başlady.

Bu koalisiýa Adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy boýunça halkara býurosy (Gazagystan), Nota Bene (Täjigsitan), Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” (Awstria), Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlugy (Belgiýa) girýär.

Täze proýekt Merkezi Aziýanyň gürrüňi edilýän üç ýurdundaky hökümetleriň söz we ýygnanyşmak azatlygy, kanun öňünde hemmeleriň deňligi we diskriminasiýanyň bolmazlygy babatda öz üstlerine alan halkara borçlaryny ýerine ýetirmekleri üçin raýat jemgyýetleriniň hereketini güýçlendirmegi maksat edinýär.

Azatlyk Radiosy bu proýektiň agzalarynyň biri, Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen öňde tutýan maksatlary barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Farid, täze proýektde ozalky edýän işleriňizden nähili üýtgeşiklik bar, ýagny anyk nähili netijeleri gazanmakçy bolýarsyňyz?

Farid Tuhbattulin: Biz ozal, aýratynlykda işleýän wagtymyz halkara duşuşyklaryny gurnamak, halkara çärelere gatnaşmak biraz kyn düşýärdi. Emma häzir biz gazagystanly we täjigistanly kärdeşlerimiz bilen öz tagallalarymyzy birleşdirmek kararyna geldik.

Biz bilelikde aksiýalary, brifiňleri geçirip, öz problemalarymyzy, öz ýurtlarymyzyň problemalaryny halkara jemgyýetçiligine, ilkinji nobatda hem Ýewropa Parlamentine, Ýewropa Bileleşigine ýetirmegi maksat edinýäris.

Ozalky tejribe, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda baglaşylmaly wagtlaýyn söwda ylalaşygyny yza süýşürtjek bolamyzda (bu kyn düşdi, emma başartdy), beýleki ýurtlardaky kärdeşlerimiz bilen bile işleşmegiň has netijeli boljagyny görkezdi.

Azatlyk Radiosy: Farid, ýaýradan beýanatyňyzda bu proekte Ýewropa Bileleşigi maliýe kömegini berýär diýipsiňiz. Eýsem bu nämäni aňladýar? Ýa indi Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky adam hukuklary ýagdaýyna has ünsli garap başlaýarmy?

Farid Tuhbattulin: Aslynda bu täze bir zat däl, olaryň dünýäniň köp ýurdunda, şol sanda ozalky Sowet Soýuzynyň ýurtlarynda demokratiýany we adam hukuklaryny goldamak üçin ýörite fondy bar. Ýöne şunuň ýaly uly proekte biz ilkinji gezek başlaýarys. Şu sebäpden bu biziň regionymyz üçin, adam hukuklaryny goramak nukdaýnazaryndan, örän peýdaly bolar diýip umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Farid, türkmenistanly ýaşlar, eger adam hukuklaryny goramak bilen meşgullanmakçy bolsalar, haýsy ugurlardan, nädip maliýe kömegini alyp bilerler? Bize şu sorag bilen ýüz tutýan türkmenistanly ýaşlar hem bar. Şu meselede ýaşlara näme maslahat bererdiňiz?

Fardi Tuhbatullin: Bu dogrudanam uly problema, sebäbi Türkmenistanda, beýleki ýurtlaryň köpüsinden tapawutlylykda, halkara donorlarynyň wekilhanalarynyň köpüsi ýapyk ýa-da olar ol ýerde hiç haçan bolmady. Bu türkmen häkimiýetleriniň syýasaty. Elbetde, bu meselede ýurt daşynda bilim alýan türkmenistanlylar üçin birnäçe mümkinçilik bar.

Mysal üçin, biziň işläp duran guramamyz bar, daşary ýurtda işleýän başga-da birnäçe türkmen guramasy bar. Şolara goşulyp, şolar bilen hyzmatdaşlykda işläp bolar. Ýa-da bolmasa, ýaşlaryň özleri hem bir topar, inisiatiwa toparyny döredip, öz guramalaryny hasaba aldyryp bilerler. Onsoň olar dürli halkara fondlaryndan kömek, maliýe goldawyny gözlemeli.

Meniň pikirimçe, olar üçin häzir aktual temalar şular: ýaşlar, türkmen häkimiýetleriniň ýaşlar bilen alyp barýan ideologiýa işleri we bilim sistemasy. Umuman, bu ýerde problema näçe diýseň bar we eger ýaşlar bu meseleler bilen meşgullanyp başlasalar, biz üçin örän gowy bolardy. Sebäbi Türkmenistanda adam hukuklaryny goraýan guramalar örän az, problema bolsa gaty kän. Şeýle bolansoň, biz haýsam bolsa bir görnüşde ýaşlary öz işimize çekmäge çalyşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG