Sepleriň elýeterliligi

​Daşkent: Konstitusiýa üýtgetmeler girizildi


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow konstitusiýa üýtgetmeler girizmek baradaky kanuna gol goýdy. Bu kanun ýurduň parlamentiniň we premýer-ministriniň hukuklaryny giňeldýär.

17-nji aprelde Karimow tarapyndan tassyklanan bu üýtgetmelere görä, mundan beýläk premýer-ministriň Daşkentiň häkimini we regional häkimleri bellemäge hukugy bolar. Häzirki wagta çenli olar prezident tarapyndan bellenilýärdi.

Konstitusiýa girizilen bu üýtgetmeler ýurduň premýer-ministriniň kanunçykaryjylara yzygiderli hasabat bermegi arkaly parlamente Ministrler Kabinetiniň alyp barýan işlerine gözegçilik etmäge hukuk berýär. Şeýle-de, kanuna laýyklykda premýer-ministriň dalaşgärligi parlament tarapyndan tassyklanylmaly.

Öňki Komunist partiýanyň başlygy Yslam Karimow 20 ýyldan gowrak wagt bäri Özbegistany dolandyryp gelýär.
XS
SM
MD
LG