Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze obalar: Binýat nähili tutulýar?


Täze obada gurlan jaýlar.
Täze obada gurlan jaýlar.
Türkmenistanda ýene bir nusgalyk oba gurulmaly edildi, bu oba Ahal bilen Daşoguz welaýatynyň serhedinde, Derwezede gurlar diýip, hökümet maslahatynda aýdyldy.

Türkmenistan garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynyň töweregindäki tarp ýerlere suw eltip, ol ýerde Ruhubelent etrabyny döredipdi. Soň bu ýere adamlar göçüp bardylar we jaý gurnup, ekin ekip, täze bir etrap döretdiler.

Ýöne Mary welaýatynda döredilen Altyn asyr etrabynyň merkezinde taksiçilik etmek üçinem ýeterlik iş mümkinçiliginiň ýokdugy, ýagny ilatyň azdygy aýdylýar. Ýogsa Maryda gurulýan obalarda, suw bolansoň, ekerançylyk bilen meşgullanmak mümkinçiliginiň bardygy bellenilýär.

Lebap welaýatynda häzir, Garabekewüliň etrap merkezinden ýedi km daşlykda täze bir obanyň gurulýandygy aýdylýar. Bu ýerde ilat üçin ähli amatlyklaryň döredilýändigi, etrapda ýeriň kändigi, ilat sanynyň bolsa azdygy aýdylýar.

Emma Gedaý Ahmedowyň Lebap welaýatyna häkim bolan ýyllarynda, Garabekewülden çykan ýeriňden başlap, Türkmenabatdan Kerkä gidýän ýoluň sag tarapynda kiçijik, iki otagly jaýlar gurlup, bu ýere adam çekmek synanyşygy edilipdi. Birbada ol jaýlara göçüp baryp, ekin ekenler hem boldy.

Häzir uzynlygy 20 km golaý aralykda gurlan iki otagly jaýlaryň köpüsi boş dur diýip, ýerli çeşmeler aýdýar.

Ýurt içinden berilýän maglumatlara görä, Balkanda açylýan täze ýerlerde, nusgalyk obalarda iş bilen üpjünçiligiň, Lebapdaky, Marydaky ýagdaýa garanda, gowudygy aýdylýar.

Käbir pikirlere görä, gurulýan ýa satylýan jaýly obalardan jaý almak bir başga, gum eteginden-beýlekiden bölünip berlen ýerde jaý gurunjak bolmak hem bir başga. Ýöne gurlan obalardan hem, iş bolmasa, jaý satyn aljak bolarmy?

Satylýan, karza berilýän jaýlaryň bahalarynyň ilatyň gazanç mümkinçiliklerinden has gymmatdygy hem bir aýratyn mesele.

Aýdylmagyna görä, ýurtda mellek üçin berilýän ýerler önümçilikde peýdalanylmaýan ýerlerden paýlanyp berilýär. Emma bu hili ýerlere suw, elektrik, gaz, ýol çekmek üçin döwlet serişdesiniň bölünip berlendigi aýdylmaýar.

Şol bir wagtda Derwezede guruljak täze oba barada hem köp zat belli däl. Bu ýerde adamlaryň iş, önümçilik bilen meşgullanmagy üçin şert bolarmy?

Aslynda täze obalar gurlanda nähili mantyga, logika eýerilýär? Ol obalarda soň adamlaryň ýaşamagy üçin iş şertleri döredilermi ýa-da bu meselede öňünden pikirlenmeli, oýlanmaly zatlar hem barmy?

Azatlyk Radiosy nobatdaky "Tegelek stol" söhbetdeşligini şu tema bagyşlaýar.
Pikirleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG