Sepleriň elýeterliligi

​“Meniň adym Ogul-gerek”


Ýylgyrýan çagajyk.

Ýylgyrýan çagajyk.

Ýakynda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň habarçysy Gazagystanda maşgalalaryň ogul çaga höwes edip, gyz çagalaryna “Ogul” sözi bilen baglanyşykly at dakmak däbiniň azalandygy barada maglumat çap etdi. Onuň maglumatynda Gazagystanda 10-15 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda “Ogul” sözi bilen baglanyşykly atlaryň sanynyň 1 müň 600-den gowrakdygy, emma 1-5 ýaş aralygyndaky çagalaryň arasynda bolsa diňe 54 sanydygy aýdylýar.

Umuman, maşgalalaryň ogul çaga höwes edip, gyz çagalaryna “Ogul” sözi bilen baglanyşykly at dakmak däbi Türkmenistanda hem ýat däl. Türkmenistanda dakylýan şeýle atlaryň arasynda Ogulgerek, Ogulsapar, Ogulboldy, Oguldursyn, Oguljemal ýaly atlar bar.

Eýsem, bu däbe Türkmenistanda nähili garaýyşlar bar? Ene-atalar näme pikirde we ýaşlaryň garaýyşlary nämelerden ybarat? Özüne şeýle at dakylan ýaşlar öz atlary barada näme pikirde? Şeýle atlar dakylan tanyş-bilişleriňiz öz atlary barada näme pikirde?

Nobatdaky Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimizde şu tema barada gürrüň ederis. Öz garaýyşlaryňyzy, tejribeleriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Munuň üçin biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň, özümiz siziň bilen habarlaşarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG