Sepleriň elýeterliligi

Plakat-ýazgylar çalyşdyrylýar


Dermanhananyň depesindäki üýtgedilen plakat

Dermanhananyň depesindäki üýtgedilen plakat

Häzirki wagt Türkmenabat şäheriniň hususyýetçileri gyzgalaňly ýagdaýda öz dükanlarynyň depesindäki plakat-ýazgylaryny çalyşýarlar. Käbir dükanlar bolsa, öňkülerini aýryp täzesini oturdýançalar, häzirlikçe hiç hili ýazgysyz işleýärler.

Ozal hem ýerli häkimiýetleriň bu plakat-ýazgylarynyň daşky görnüşi boýunça goýan talaplary bardy. Ýöne indi talaplar has hem güýçlenene meňzeýär, ýerli häkimiýetleriň ýörite görkezmesine görä, indi ol plaktlar şol bir nusgada, diňe baýdagyň reňkinde, ýagny ýaşyl reňkde bolmaly diýlip talap edilýär.

Eýýäm ýarym aýdan gowrak wagt bäri Türkmenabat şäher häkimliginiň arhitektura bölüminiň gözegçiligindäki alnyp barylýan bu çäreleriň näme maksat bilen edilýändigi barada degişli hususyýetçilere düşündiriş berilmeýär.

Türkmenabadyň birinji mikroraýonynda hususy dükany bolan 35 ýaşlaryndaky hususyýetçi Babageldi öz ýanyna hem üç-dört günlükde şäher häkimliginiň işgärleriniň gelip, dükanyň depesindäki plakatlary çalyşmagy talap edendiklerini gürrüň berýär.

"Gündelik harytlary" dükanynyň çalyşdyrylan plakaty

"Gündelik harytlary" dükanynyň çalyşdyrylan plakaty

Babageldi “Ilkibaşda dakyp goýan plakatymy aýyrmaly diýdiler. Onuň reňki gök, ýüzünde bolsa her hili goşmaça suratlaryň bardygyny, bularyň täze plakatlarda bolmaly däldigini tabşyryp gitdiler” diýýär.

Bu talap bilen ylalaşman, plakat-ýazgylary täzelemekden boýun gaçyrmakçy bolan biznesmenlere ýerli resmileriň “goşmaça çäreleriň görüljekdigini” duýduryp, dilden haýbat atandyklary aýdylýar.

“Soňra bolsa ikinji gezek gelip, gök reňkdäki plakaty hem aýyr diýenlerinde, men aýyrmakçy däldigimi aýtdym. Ýöne maňa sen aýyrmasaň bolmaz, ýogsam seniň dükanyňa başga çäre göreris diýip gitdiler” diýip, Babageldi Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde aýdýar.

Salgyt töleýji hususyýetçileriň bu çäreden nägile bolmaklarynyň bir sebäbi dükanlaryň plakat-ýazgylaryny biznesmenleriň öz hasaplaryna, öz serişdelerine çalyşmalydygy bilen bagly. Olar dükanlaryň, hususy söwda nokatlarynyň we hususy kärhanalaryň atlaryny hem hödürleýän hyzmatlaryny görkezýän bu plakat-ýazgylaryň harajatyny özleriniň çekýändiklerini, ol harajatlary bolsa, ölçegine görä üýtgäp, iň arzanynyň 200 manat töweregi bolýandygyny gürrüň berýärler.

“Indi näme etjegimi bilemok, bular hususy biznese kömek bermegiň deregine her tarapdan gysyp gelýärler. Biz-ä bizar bolduk, hususy biznesi ýöretmez ýaly boldy” diýip, Görögly köçesiniň ugrunda hususy naharhana işledýän Aman aga gürrüň berýär.

Foto studiýanyň hem plakaty çalyşdyrylypdyr

Foto studiýanyň hem plakaty çalyşdyrylypdyr

Talap edilýän plakat-ýazgylaryň daşky görnüşi barada aýdylanda, olar ozalky bar bolan bildiriş tagtalaryndan onçakly uly tapawut hem etmeýär. Başda belleýşimiz ýaly, esasy şert olar ýaşyl bolmaly.

Azyk harytlary dükanlarynyň täzelenen plakat görnüşli atlaryndaky girizilen üýtgeşiklikleriň biri hem dükanyň adynyň ýanynda, ozalkysy ýaly, onuň satýan harytlarynyň nämelerdigini görkezýän ýazgy ýok. Meselem, olarda indi “azyk harytlary” diýen ýazgy ýok. Ýöne welin ýazgynyň deregine her hili azyk harytlarynyň suratlary bar. Ýa bolmasa diňe ýaşyl fonda azyk harytlary diýip ýazylypdyr.

Beýleki tarapdan bolsa, naharhanalaryň atlarynyň ýazgylaryna bildirilýän talap azyk harytlary dükanlaryndan edilýän talapdan düýbünden tapawutly. Bu ýerde hemme zat tersine diýse-de boljak, ýagny olaryň atlaryndaky ýazgylarda naharlaryň suraty çekilen bolsa, onda plakat-ýazgylardan şol suratlaryň aýrylmagyny talap edýärler.

Hususyýetçileriň öz işlerine hökümetiň goşulmagyndan närazylygy bilen bir hatarda, ýerli ýaşaýjylaryň arasynda degişli dükandyr-naharhanalaryň bildirişleriniň birsydyrgyn bolmagyna gowy baha berýärlerem bar.

"Azyk önümleri" dükanynyň depesindäki täze plakat

"Azyk önümleri" dükanynyň depesindäki täze plakat

Şäheriň birinji mikroraýonynda ýaşaýan 25 ýaşlaryndaky Rahmediň aýtmagyna görä, plakatlaryň şol bir nusgada bolmagy, şähere belli bir derejede estetiki gözellik, yzygiderlilik berýär.

Rahmet: “Maň-a, dogrusy, onçakly tapawut hem edip duranok. Emma olaryň ählisi bir tertipde bolsa, bulam-bujarlyk bolmasa, göze has ýakymly görüläýjek ýaly” diýýär.

Hususyýetçileriň arasynda agzalýan plakat-ýazgylarynyň çalşylmagy şu ýylyň oktýabrynda bu ýerde geçiriljek ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyklaryň bir bölegidir diýen pikiriň döreýändigini aýtsa bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG