Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ženewa: Obama ylalaşykdan soň ätiýaçly


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Ukrainadaky krizis babatynda Ženewada geçirilen gepleşiklerde gelnen ylalaşyk Ukrainadaky krizisi diplomatiýanyň gowşadyp biljekdigine umyt berýär diýdi.

Obama häzirki wagt Russiýa “bulagaýlyga getiren güýjüni” Ukrainada tertip-düzgüni gaýtadan dikeltmäge ulanyp-ulanmajakdygynyň sorag bolup durýandygyny hem sözüne goşdy.

Şeýle-de, Obama bu mesele babatda Russiýada hiç hili öňe gidişlik bolmasa, Moskwa garşy has köp sanksiýalary girizmek barada ýaranlary bilen gepleşikleri geçirýändigini aýtdy.

Bu barada Obama 17-nji aprelde Ak tamda çykyş etdi. Obamanyň bu çykyşy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Ukrainadaky krizisi gowşatmak, şol sanda “bikanun ýaragly toparlary dargatmak” barada Birleşen Ştatlaryň, Ukrainanyň, Russiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gelnen ylalaşygyň yzýanyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG