Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ýanukowiçiň ogly gözlenilýär


Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy ýurduň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň uly oglunyň adyny gözlenýänleriň sanawyna goşdy.

18-nji aprelde Ukrainanyň Içeri işler ministrligi Oleksandr Ýanukowiçiň galplykda we bidüzgünçilikde aýyplanýandygyny aýdyp, ol barada tussag kararynyň çykandygyny yglan etdi. Şeýle-de ministrlik onuň tussag edilmegi baradaky karary suduň tassyklandygyny habar berdi.

23-nji fewraldan bäri Oleksandr Ýanukowiçiň nirededigi barada takyk maglumat ýok. Ol Ukrainada hökümete garşy protestler möwjän mahaly takmynan kakasy bilen bir wagtda ýurdy terk edipdi.

Wiktor Ýanukowiç hem Ukrainanyň häzirki hökümeti tarapyndan gözlenilýär. Ýanukowiçiň fewral aýynda Kiýewdäki protestçilere garşy ot açmaga tabşyryk berendigi aýdylyp, ol “köpçülikleýin öldürmelerde” aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG