Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​G.Koreýa: Kapitan tussag edilmeli


Günorta Koreýanyň prokurorlary ýurtda mundan iki gün ozal gark bolan gäminiň kapitanynyň we iki ekipaž agzasynyň tussag edilmegi barada ýerli suddan karar çykarmagyny soradylar. Gürrüňi edilýän gäminiň batmagy sebäpli takmynan 270 adam ýitirim boldy.

Gäminiň kapitanynyň we iki ekipaž agzasyna takyk haýsy aýyplamalaryň ýöňkelýändigi barada henize çenli jikme-jik maglumat berilmeýär. 16-njy aprelde Günorta Koreýanyň günorta-günbatar kenarynda batan gämide azyndan 28 adamyň ölendigi tassyklanyldy. Resmiler 179 adamyň hem halas edilendigini habar berýärler.

Gürrüňi edilýän gämidäki ýolagçylaryň aglabasy ýokary synp mekdep okuwçylarydy. Sülçiler wakanyň bolan pursady kapitanyň bolmaly ýerinde däldigini, ýagny gäminiň bortunda bolmandygyny habar berdiler.
XS
SM
MD
LG