Sepleriň elýeterliligi

Ukrain radikallary binalary boşatmakçy däl


Donetskde özüni radikallaryň lideri diýip yglan eden Denis Puşilin.

Donetskde özüni radikallaryň lideri diýip yglan eden Denis Puşilin.

Ukrainanyň günorta-gündogarynda ýerli hökümete degişli edara jaýlaryny zor bilen eýelän orsýetparaz radikallar diňe Kiýewdäki merkezi hökümetiň häkimiýet başyndan giden ýagdaýynda özleriniň hem eýeleýän binalaryndan çykyp, söweşi bes etjekdiklerini aýtdylar.

Donetskde özüni radikallaryň ýolbaşçysy diýip yglan eden Denis Puşiliniň 18-nji aprelde žurnalistlere aýtmagyna görä, onuň baştutanlyk edýän topary Orsýet bilen Ukrainanyň arasynda 17-nji aprelde gelnen barlyşykly ylalaşyga öz ellerindäki ýaraglary tabşyryp, eýeleýän jaýlaryndan çykmaga ýeterlik esas hökmünde garamaýarlar.

Bu ylalaşyga 17-nji aprelde Ženewada ABŞ-nyň we ÝB-niň gatnaşmagynda geçirilen dört taraplaýyn gepleşikleriň netijesine gelindi.

Puşilin Kiýewdäki hökümetiň kanuny däldigini, şonuň üçin onuň hem hökümet edarasyny boşatmalydygyny aýtdy. Puşilin häzirki hökümet öz edarasyny bikanun okkupirleýär diýdi.

Ýerli habar serişdeleriniň 18-nji aprelde ýaýradan maglumatyna görä, Ukrainanyň gündogarynda gozgalaňçylar tarapyndan basylyp alnan binalaryň hiç biri entek boşadylmandyr.

Kiýewiň ädimleri

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk hökümetiň taýýarlan kanun taslamasynda ýaragyny taşlap, okkupirlenen jaýlary terk eden pitneçilere amnistiýanyň teklip edilýändigini aýtdy. Ýöne Kiýew bu amnistiýanyň agyr jenaýatçylyga baş goşan pitneçilere degişli bolmajagyny duýdurdy.

Ýatsenýuk Ženewada baglaşylan ylalaşyk barada 18-nji aprelde parlamentde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Orsýet bu ylalaşygy baglaşmaga we iş ýüzünde Orsýet Federasiýasy tarapyndan goldanýan ekstremistleri ýazgarmaga mejbur boldy”.

Şeýle-de Ýatsenýuk parlamentde eden çykyşynda öz hökümetiniň Ženewadaky ylalaşyga esassyz umyt baglamaýandygyny nygtady.

Ýatsenýuk Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen Krym barada şeýle diýdi: “Krym biziňki, Ýalta, deňiz biziňki, bu biziň territoriýamyz Wladimir Wladimirowiç. Halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde biz Krymy gaýdyp almak üçin hem syýasy, hem-de diplomatik ugurdan söweşeris”.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ylalaşyk babatynda seresaply optimizm bildirdi. Şol bir wagtyň özünde-de ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň, eger ýagdaý düzelmese, onda Orsýet babatynda täze sanksiýalary girizmäge taýýardyklaryny öňünden duýdurdy.

Moskwa mart aýynda Krymy anneksiýa edip, bu ýarymadany Orsýete goşdy. Emma Kreml özüniň günorta-gündogar Ukrainanada orsýetparaz güýçleriň ýaragly pitnesini gurnap, ol welaýatlary-da Orsýete goşmakçy bolýandygy barada Ukrainanyň we Günbataryň öňe sürýän aýyplamalaryny yzygiderli ret edýär.
XS
SM
MD
LG