Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Owgan türmesinden üç tussag gaçdy


“Talyban” hereketiniň üç söweşijisi türmä gizlin salnan sapançalary we granatlary ulanyp, Owganystanyň demirgazygyndaky türmeden gaçdy.

Farýab welaýat häkimliginiň metbugat wekili Ahmad Jawad Dedariň 18-nji aprelde beren maglumatyna görä, bu waka gije Maýmana şäherinde bolupdyr.

Gürrüňi edilýän wakanyň bolan pursady azyndan iki türme sakçysy we türmeden gaçmaga synanyşan başga-da dört sany tussag öldürilipdir.

Dedar türmeden gaçan söweşijileriň ýoluň gyrasyna bomba düşemekde aýyplanyp, tussag edilendiklerini aýtdy. Şeýle-de, ol gaçgaklar barada resmileriň gözlegleri başladandygyny we türmäniň howpsuzlygyndan geçip, ýaraglaryň haýsy usul bilen içeri girizilendiginiň derňelýändigini sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG