Sepleriň elýeterliligi

​Pakistan: Gyz mekdepleriniň ýapylmagy dawaly


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Haýber-Puhtunhwa welaýatynda gyzlar mekdebiniň ýapylmagy baradaky soraglar ýurduň region parlamentinde gahar-gazaply jedelleriň döremegine sebäp boldy.

17-nji aprelde Haýber Puhtunhwa welaýatynyň Bilim bölümi welaýat geňeşine hat ugradyp, dürli sebäpler, şol sanda “Talybanyň” haýbatlary we aýal mugallymlaryň ýetmezçiligi zerarly welaýatda gyzlar üçin niýetlenen 159 sany mekdebiň ýapylandygyny habar berdi.

Ýöne kanun çykaryjylar welaýatyň Bilim bölümini “galp maglumat” bermekde aýypladylar. Gürrüňi edilýän maglumatda 385 mekdebiň, şol sanda 295 gyz mekdebiň ýapyklygyna galýandygy görkezilýär.

Başlangyç we orta bilim boýunça welaýat ministri Atif Han bolsa soňky hepdelerde mekdepler barada berlen sanlaryň çalt üýtgeýändigini aýdyp, galp maglumatlary berýändigi baradaky aýyplamalary ret etdi.
XS
SM
MD
LG