Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Köpçülik Orsýeti islemeýär


Ukrainanyň geçiren pikir soraşlygy ýurduň gündogaryndaky Donesk sebitiniň ilatynyň köpçüliginiň Orsýete goşulmak islemeýändigini görkezdi.

Bu ýer separatist protestleriniň mesgeni bolup durýar. Pikir soraşlygyň netijeleri 19-njy aprelde, Kiýewiň Halkara sosiologiýa instituty tarapyndan çap edildi.

Onda pikiri soralan ýerli ýaşaýjylaryň 52.2 prosentiniň Orsýete goşulmaga garşydygy, 27.5 prosentiniň bolsa Kreml tarapyndan dolandyrylmaga gol ýapýandygy aýdylýar.

Moskwa tarapdar jeňçileriň ondan gowrak hökümet binasyny eýeleýän ýerinde ýaşaýan ilatyň 38 prosentden sähel gowragy özleriniň Ukrainanyň federallaşmagyny isleýändigini aýtdy, 41 prosenti häkimiýetiň merkezsizleşdirilmegine isleg bildirdi.

Pikiri soralanlaryň 57.2 prosenti özlerini hukuklary bozulan hasaplamaýandygyny aýtsa, 66.3 prosenti özleriniň Orsýetiň harby interwensiýasyna garşy bolandygyny aýtdy.

Pikirini aýdanlaryň 69.7 prosenti özleriniň Orsýetiň kontrollugyna garşydygyny bildirdi.
XS
SM
MD
LG