Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýa gazak maşgalasyna gaçybatalga berdi


Italiýa Gazagystanyň iň uly banklarynyň biriniň öňki başlygy Muhtar Abliýazowyň aýalyna we gyzyna bosgun hukugyny berdi.

Abliýazow döwlet emlägini öz haýryna geçirmekde aýyplanýar.

Abliýazowyň aýaly Alma Şalabaýewanyň we onuň gyzy Aluanyň aklawçysy Anton Giullo Lana Italiýanyň hökümeti Şalabaýewanyň «ýanalmak howatyryny» esasly tapdy diýdi.

Şalabaýewa we Alua geçen ýyl bir reýd mahalynda tutulyp, Italiýadan Gazagystana zor bilen iberildi we bu ýagdaý Italiýada uly galmagala sebäp boldy.

Gazagystan eneli-gyzy, Italiýanyň hökümetiniň haýyşy we gazak hökümetini abraýdan gaçyrýan metbugat çykyşlary esasynda, dekabrda yzyna goýberdi.

Abliýazow Fransiýada tussaghanada saklanýar we Orsýete we Ukraina ekstradisiýa edilmäge garşy göreşýär.

Bu ýurtlaryň ikisi hem onuň uly galplyk aýyplamalary esasynda özüne berilmegini talap edýär.
XS
SM
MD
LG