Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan weteranlaryna pul berýär


Özbegistanyň döwlet mediasy prezidentiň Ikinji Jahan Urşunyň weteranlarynyň ählisine 600 müň somdan ($264) pul bermek baradaky kararyny çap etdi.

Bu pul weteranlara bir gezeklik maliýe kömegi hökmünde, Sowet Soýuzynyň 1941-1945-nji ýyllarda nasistik Germaniýa bilen uruşda gazanan ýeňşiniň 69 ýyllygy mynasybetli berilýär.

Ýeňiş güni öňki sowet ýurtlarynda 9-njy maýda bellenilýär. Özbegistandan bu urşa 1.5 milliona golaý erkek we aýal gatnaşdy.

Olaryň 400 müňden gowragy söweş meýdanlarynda wepat boldy, 130 müň çemesi bolsa uruş wagty dereksiz ýiten hasaplandy.

Häzir Özbegistanda Ikinji Jahan Urşunyň 4 müňden gowrak weterany ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG