Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew ýadro aladasyny bildirdi


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew dünýäniň öňdebaryjy ýadro döwletleriniň arasynda ýadro hyzmatdaşlygynyň soňlanmak ähtimallygyndan alada bildirdi.

Nazarbaýew 18-nji aprelde Gazagystanyň Halk gurultaýynda çykyp gepläp, soňky onýyllyklarda ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk boýunça gazanylan progres howp astynda diýdi.

Onuň aladasy Orsýet bilen Günbataryň arasynda Ukraina üstünde barýan dartgynlyklar bilen bagly bolup göründi. Nazarbaýew Gazagystan 1991-nji ýylda garaşsyz bolandan soň özüniň Semipalatinsk ýadro synag poligonyny ýapdy we ýadro ýaragsyz döwlet durumyna eýe boldy diýdi.

Ukraina hem, Gazagystan ýaly, 1990-njy ýyllaryň başynda ýadro ýaragsyz döwlet bolmaga razy boldy.

Bu barada Budapeştde, 1994-nji ýylda bir şertnama gol çekildi we Ukraina özüniň ähli ýadro arsenalyny ýok etdi.
XS
SM
MD
LG