Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa Orsýetiň reaksiýasyna garaşýar


Moldowan hökümeti Moskwanyň Transdinestr regionynydaky kanunçykarajylaryň ykrar edilmek haýyşyna «örän açyk» reaksiýa bildirmegine garaşýandygyny aýdýar.

Daşary işler ministri Natalia German 18-nji aprelde Azatlyk radiosynyň Moldowan gullugyna beren interwýusynda şeýle zatlary aýtdy.

Transdinestrli deputatlar 16-njy aprelde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini, Orsýetiň parlamentini, BMG-ni, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyny rus dilli regionyň garaşsyzlygyny ykrar etmäge çagyrdy.

Aglaba ilaty slawýanlardan durýan Transdinestr, 2006-njy ýylda geçirilen referendum arkaly, özüniň Moldowadan garaşsyz bolmak talabyny berkitdi.

Bu region 1992-nji ýylda Moldowa bilen bolan gysga uruşudan soň nominal garaşsyzlykda ýaşaýar.

German Moldowa Putiniň 17-nji aprelde dawaly regionlaryň adamlarynyň öz ykbalyny özleriniň kesgitlemek hukugyna eýe bolmalydygy barada aýdan sözlerini «serasaply bellige» aldy diýdi.

German ähli taraplary Transdinestr konfliktini çözmek baradaky gepleşikler prosesine wehim salýan birtaraply beýanatlardan ýa-da hereketlerden saklanmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG