Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň golaýda bolan maslahatynda Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk barada hem gürrüň edildi.
TDH-nyň ýazmagyna görä, "Baýramçylygyň maksatnamasynda Halkara atçylyk sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça atçylyk-sport ýaryşy, şeýle hem uzak aralyga atly ýöriş, däp bolan at çapyşyklary we beýleki sport ýaryşlary" bar.
Mundan başga, "şöhrat gazanan ahalteke bedewi Ýanardagyň Köpetdag şaýoly bilen we Andalyp köçesiniň çatrygynda gurlan ýadygärliginiň açylyşy" hem baýramçylyga gabatlanar; Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi merkezinde suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, bezegçileriň, teleoperatorlaryň arasynda döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolar.
Resmi habara görä, "ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleri türkmen halkynyň iň oňat atçylyk däplerini ösdürmäge ýardam etmek" maksady bilen geçirilýär.
Azatlyk Radiosy ýurtda atçylygy ösdürmegiň üstünlikleri we kemçilikleri barada gürrüň bermegini sorap, aşgabatly synçy Nurberdi Nurmmämedow bilen söhbetdeş boldy.