Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Teležurnalist aman galdy


Polisiýa ýaraglanan nämälim adamlaryň Karaçide tanymal žurnalisti oka tutandyklaryny aýdýar.

Hamid Mir 19-njy aprelde motorly adamlar özüni oka tutanda maşynly işe barýardy. Polisiýa Miriň göwresiniň aşak böleklerine üç okuň degendigini aýtdy. Ol hassahanada bejergi alýar.

Mir «Geo News» atly meşhur telegepleşigiň alypbaryjysy bolup, Pakistanyň aňtaw gulluklarynyň we harbylaryň tankytçysy hökmünde tanalýar.

Onuň tankydy Bulujystan welaýatynda adamlaryň müňläp ýitirim bolmagy hem-de bu ýerde aňtaw gulluklarynyň we harbylaryň bar diýilýän roly bilen bagly.

Bu Miriň janyna ikinji kast ediş synanyşygydyr. 2012-nji ýylda onuň maşynyndan bomba tapyldy.

Geçen aý Lahorde meşhur teležurnalist Raza Rumi şeýle hüjümden aman galdy. Ol «Talybanyň» tankytçysy hökmünde tanalýar. Ruminiň sürüjisi hüjümde wepat boldy.
XS
SM
MD
LG