Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Sesler gaýtadan sanalar


Owganystanyň saýlaw resmileri 500 çemesi saýlaw uçastogynda sesleriň gaýtdan sanalmagyny buýurdylar.

Garaşsyz Saýlaw komissiýasynyň sözçüsi Nur Muhammad Nur 19-njy aprelde žurnalistlere sesleri gaýtadan sanamagyň saýlaw galplyklary bolandyr öýdülýän saýlaw nokatlarynda geçiriljegini aýtdy.

Nur şundan başga anyk bir zat aýtmady.

Owganystanda 5-nji aprelde bolan prezident we welaýat geňeşleri saýlawlaryna, «Talyban» jeňçileriniň haýbatlaryna garamazdan, 12 million saýlawçydan 7 milliondan gowrak adam gatnaşyp, ses berdi.

Saýlawlaryň deslapky netijeleri 24-nji aprelde aýan edilmeli.
XS
SM
MD
LG