Sepleriň elýeterliligi

Koreýa: 49 jeset tapyldy


Günorta Koreýanyň agdarylan gämisinde ýiten ýüzläp adamyň gazaba münen garyndaşlary polisiýa bilen çaknyşdy.

Şol bir wagtda suwa çümüjileriň has kän jeset tapandygy aýdylýar. Soňky tapylan jesetler ölenleriň sanyny 49-a getirdi.

Gäminiň bortundaky 476 adamyň 250-den gowragy tapylmaýar. Olaryň ýarysyna golaýy ýokary okuw jaýynyň studentleri.

Gämide bir okuw jaýyndan, paýtagt Seulyň günortasyndaky Ansandan 350 çemesi student bardy.

Bu okuw jaýynyň direktorynyň orunbasary 18-nji aprelde öz janyna kast etdi.

Gäminiň kapitany we ýene iki ekipaž agzasy tussag edildi. Olar geleňsizlikde we beýleki jenaýatlarda aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG