Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran reaktor meselesini çözdüm diýýär


Eýran özüniň agyr suw ýadro reaktoryndaky işleri jylawlamak çärelerini tamamlandygyny aýdýar.

Bu reaktor Tähranyň dünýäniň alty döwleti bilen Eýranyň dawaly ýadro programmasy barada alyp barýan ýadro gepleşikleriniň bir meselesi edilip goýlupdy.

Wise-prezident Ali Akbar Salehi 19-njy aprelde Tähran, Arakdaky reaktoryň plutonium öndürmek kuwwatyny kemeltmek üçin, ony täzeden gurar diýdi.

Şeýle-de ol, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Orsýet, Hytaý we Birleşen Ştatlar bilen noýabr aýynda gelnen ylalaşyga görä, Eýran özüniň ýokary derejede baýlaşdyrylan uranlaryny has howpsuz formalara getirdi diýdi.
XS
SM
MD
LG