Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ybadathana liderleri tankyt edýär


Dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşaýan millionlarça hristianyň Pasha baýramçylygyny bellemäge başlan wagtynda rus we ukrain prawoslaw ybadathanalarynyň ruhanylary Ukrainadaky krizis barada tankydy beýanat bilen çykyş etdiler.

Bu Pashanyň hem katolikler, hem prowaslawlar üçin köp ýyllardan bäri ilkinji gezek şol bir wagta gabat gelşidir.

19-njy aprel agşamy müňlerçe hristian Rimdäki we Ýerusalimdäki uly ybadathana dabaralaryna toplandy.

Pop Fransis Watikanda, merhemetli Pýotryň ybadathanasynda katolikleri öz ynançlarynyň düýp köklerine gaýtadan aralaşmaga çagyrdy.

Ýeruslimde bolsa müňlerçe adam 2000 ýyldan gowrak ozal Isanyň haja çüýlenen ýeri diýip bilinýän ýerde, «Mukaddes ot» dessuryna toplandy.

Kiýewde, Ukrainynyň prawoslaw ybadathanasynyň ýolbaşçysy öz Pasha sözünde Orsýetiň «agressiýasyny» ýazgardy we Moskwa «şeriniň» ýeňiljekdigini aýtdy.

Patriarh Filaret öz «ýadro ýaraglaryndan meýletin el çeken parahatçylykly» Ukrainanyň garşysyna agressiýa edildi diýdi.
XS
SM
MD
LG