Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Atyşykda adam öldi


Gündogar Ukrainanyň Slowýansk şäheriniň golaýynda bolan ýaragly söweşde azyndan dört adamyň öldürilendigi aýdyldy. Emma pidalar baradaky habar dürli-dürli.

Orsýetiň döwlet telewideniýesi 20-nji aprelde ýaragly adamlaryň Slowýanskiden çykylan ýerde, orsýetçi barlag nokadyna hüjüm edendiklerini habar berdi.

«Rossiýa 24» täzelikler stansiýasynyň habarçysy bu hadysada iki tarapdan: orsýetçi separatistlerden hem, ýaragly adamlardan hem öldürilenleriň bolandygyny aýtdy.

Slowýansk Doneskden, sebitiň paýtagtyndan 100 km çemesi demirgazykda ýerleşýär.

Bu regionyň paýtagty umuman orsýetçi separatistleriň kontrollugynda, olar ilki polisiýa edarasyny, soňra şäher häkimliginiň binasyny ele geçirdiler. Şeýle-de saparatistler Ukrainanyň käbir harby maşynlaryny ele geçirdiler.
XS
SM
MD
LG