Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Orsýet atyşygy tankyt edýär


Orsýetiň daşary işler ministrligi gündogar Ukrainada ir säher adam ölümine sebäp bolan atyşygy «gözçykgynçlyk» hökmünde häsiýetlendirdi.

Daşary işler ministrligi 20-nji aprelde gündogar Ukrainanyň Slowýansk şäheriniň golaýynda bir barlag nokadynda ukrain häkimiýetleri tarapyndan çagyrylan Pasha ýaraşygynyň bozulandygyny aýtdy we munuň Kiýewdäki häkimiýetleriň «milletçileri we ekstremistleri» ýaragsyzlandyrmak islemeýändigi görkezendigini öňe sürdi.

Bu hüjüm ýerli wagt bilen ir sagat 2.00-da boldy. Aýdylmagyna görä, birnäçe maşyn barlag nokadyna gelip, ol maşynlardaky adamlar barlag nokadyny işledýän orsýetçi topary oka tutdy.

Adam pidalary baradaky maglumatlar dürli-dürli. Ukrain häkimiýetleri atyşyk netijesinde bir adamyň ölendigini, birnäçe adamyň bolsa ýaralanandygyny aýdýarlar.

Orsýetiň «Rossiýa 24» telekanaly bäş adamyň öldürilendigini, olaryň üçüsiniň barlag nokadyny saklaýan adamlardandygyny, ikisiniň bolsa hüjümçiler tarapyndandygyny aýtdy.

Orsýete tarapdar ýerli separatist lideri Wýaçeslaw Ponomarew barlag nokadynda orsýetçi adamlaryň üçüsiniň öldürilendigini, hüjümçilerden bolsa biriniň öldürilendigini aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi bu hüjümde Ukrainanyň milletçi «Sag sektor» toparyny günäledi. Moskwa Ukrainadaky gozgalaňda köplenç şu topary günäleýär.

«Sag sektor» toparynyň sözçüsi Artem Skoropadsky bu hüjüme özleriniň dahylldygyny ret etdi. "Bu Orsýet tarapyndan edilen masgaraçylykly prowokasiýa, sebäbi bu iş hristianlaryň mukaddes agşamynda, Pasha gijesinde boldy" diýip, Skoropadsky aýtdy.

Ol bu hüjümde Orsýetiň ýörite güýçlerini günäledi.

Şu arada Ukrainanyň iş başyndaky içeri işler ministri Arsen Awakow feýsbuk sahypasynda özüniň gündogar Ukraina gidýändigini, ol ýerde Milli gwardiýanyň goşunlaryny we ýörite güýçleriň goşun bölümlerini görmekçidigini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugy 20-nji aprelde Içeri işler ministrliginiň ministrligiň ýörite güýçleriniň, «Berkudyň» ozalky agzlarynyň öz-özüňi goraýyş güýçlerine goşulyp, daşary ýurt agressiýasyna garşy durmagyna çagyryş edendigini habar berdi.

Ozalky prezident Wiktor Ýanukowiç fewralyň aýagynda ýurtdan gaçandan soň, Awakow «Berkudy» dargadypdy. «Berkut» agzalary Ýanukowiçiň hökümeti ýykylmazyndan öňki hepdelerde köplenç Ýanukowiçe garşy protestçiler bilen çaknyşypdylar.

Ukrainanyň, Orsýetiň, Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomatlary 17-nji aprelde Ženewada duşuşyp, Ukrainadaky dartgynlyklary gowşatmak boýunça käbir esasy çäreler barada ylalaşyga gelipdiler.

Şol çäreleriň arasynda bikanun ýaraglanan toparlary ýaragsyzlandyrmak we dargytmak, hökümet binalaryny eýelän adamlaryň ol ýerleri boşatmagy barada hem çagyryşlar edilipdi.

Şu wagta çenli Ukrainada bu şertleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly kän delil görünmeýär.
XS
SM
MD
LG