Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Sosial ulgamlaryň adamlary birikdirýändigini görkezýän surat.
Sosial ulgamlaryň adamlary birikdirýändigini görkezýän surat.
Internetde websaýt döretmek we şol websaýtlardan peýdalanmak meselesinde türkmen ýaşlarynyň işjeňligi barha artýar. Muňa internet giňişliginde täze-täze döredilýän websaýtlar hem şaýatlyk edýär.

“Nexttm.com”

Ýadyňyzda bolsa, ýakynda gözüme ilen “Nexttm.com” websahypasy barada öň hem maglumat beripdim. Ýöne soňky günlerde türkmen ýaşlarynyň bu sahypadaky işjeňligi has hem artýar. Bu websahypada her gün onlarça tema gozgalýar. Şol temalaryň arasynda geçen hepdäniň dowamynda iň köp okalan temalaryň birini siziň bilen paýlaşasym gelýär. Ol websahypanyň Hezret atly agzasy tarapyndan gozgalan “Andorid üçin tölegli iň gowy programmalaryň mugt görnüşi” atly temadyr.

9-njy aprelde gozgalan bu tema 21-nji aprele çenli jemi 95 sapar okalypdyr we oňa bäş sany hem teswir galdyrylypdyr. Bu temada “Google Play-yň tölegli iň gowy programmalar toplumyny size mugt hödürleýäris. Bu ýerde Andorid smartfonuňyz üçin niýetlenen programmalaryň 10 sanysyny ýerleşdirdik. Programmalary mobil telefonyňyza indiriň we lezzet alyň!” diýlip, 10 sany programmanyň ady ýazylyp, olaryň hödürleýän hyzmatlary, ýerine ýetirýän işleri barada maglumat ýazylypdyr.

Bu tema ýazylan teswirleriň arasynda bolsa Şasoltan atly agza “Mahabatlandyranyňa sag bol, ýöne ol programmalaryň maňa zerurlygy ýok” diýip, öz garaýşyny bildirse, Admin atly agza bolsa “Sag bol, Hezret, gyzykly maglumat” diýip, gyzykly maglumatlary paýlaşany üçin oňa sagbolsun aýdypdyr.

“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda bolsa Gulkamat atly agzanyň paýlaşan “Başlary ýaglyksyz gezýän gelinler üçin açylan tema” diýen pikir alşygy sosial uglamyň agzalaryny gyzyklandyran temalaryň biri bolupdyr. 12-nji aprelde gozgalan bu tema 21-nji aprele çenli jemi 2108 sapar okalyp, oňa 172 sany hem teswir ýazylypdyr.

Jemi 52 gezek hem halanan bu temada Gulkamat atly agza Türkmenistanda soňky 4-5 ýylyň dowamynda ýaglyksyz, ýagny başy açyk gezýän gelinleriň köpelendigini we munuň hem durmuşa çykmadyk gyzlar üçin kähalatda garaşylmadyk ýagdaýy döredýändigini ýazýar. Şeýle-de Gulkamat atly agza bu tema bilen baglanyşykly özi bilen goňşulykda ýaşaýan bir gyzyň gürrüňini ýatlaýar. Gulkamatyň goňşusy awtobusda özi üçin garaşylmadyk bir waka bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr.

Gulkamat şol wakany şeýle gürrüň berýär: “Bu gün goňşy otagda ýaşaýan gyzlaryň biri gaharyna ýarylaýjak bolup, şol başlary açyk gezýän gelinlere käýinýär. Sebäbini anyklasam, ol awtobusda bir oglanyñ özüne "geç, gelneje!" diýip ýüzlenip, ýer berendigini aýtdy. Men ýetginjekleriň biriniñ onuñ içini ýakmak ýa gaharlandyrmak üçin diýen ýaly sebäplere görä şeýden bolmagy mümkin diýip pikir etdim. Aslynda weli beýle däl eken. Goňşy gyzyň gürrüň bermegine görä, onuň gelneje diýip ýüzlenen oglan diýýäni bolsa bir 5-6-njy klas okuwçy ekeni. Ol gyzda bolsa gelni gelin şekilli görkezýän ýekeje alamatam ýok: saçy boglan, ýubka-koftaly gyz...”.

Sosial ulgamyň Awtor, Resul ýaly agzalary bu temany goldap, teswir galdyrypdyrlar. Dogduk depeli atly beýleki bir agza bolsa: “Ýaglyk ýok diýýäň, dar köýnekde döşi, öňi, yzy bildirip duran öýmelije gelinler bar-a. Oňa näme diýjek?” diýip, sorag beripdir. Rüzgar atly bir agza tema başgaçarak teswir ýazypdyr. Ol “Aý indi başy ýaglykla-da lak atylýar!” diýip, häzirki wagtda käbir erkekleriň başy ýaglykly gelinlere-de lak atýandygyny ýaňzydypdyr.

Perizadym atly agza bolsa: “Aý bu temany 52 [sapar] açsaňam, peýdasy ýokmuka diýýän, janjagazym. Gaty görme, sebäbi barybir her kim öz bilenini edýär-ä” diýip, bu meselede öz garaýşyny aýan edipdir.
XS
SM
MD
LG