Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň ozalky ýazan goşgularyndan käbir bölekler.

"Elli dört milon baş garyldy guma,
Ýara düşdi togsan milon bedene…"
– Azajyk dur, gardaş – diýesiň gelýä,
Bu gün syýasatdan gürrüň edene.

Bir, iki… On… On bäş… Ýöne sanabam,
O sanlaryn aňyrsyna ýetme ýok.
Milonlaň parahat ýatany üçin,
Bu gün milonlara rahat ýatma ýok.

Adamzatdan has ir dörän topraga
Bolmandy beýle köp gan siňen ýeri.
Birdenem, şeýle bir galňady Taryh,
Hem şeýle ýukaldy ömür depderi.

Geçmişi, geljegi nyşana alnyp,
Gopan wagty Ýewropada kyýamat,
Şonda kabul edip ilkinji oky,
Ýykylypdy ýaralanan syýasat.

Gel, gowusy goýaly şu gürrüňi,
Gowsy başga harmanlary döreli.
Eýerläp atlanan sowallar hakda
Beýdip, haçana çen dymyp ýöreli?

Wagty geler, syýasatly söhbete,
Belki, dolanarys ýene bir gezek.
(Onsoňam, gül hakda söz açjak bolsaň,
Iň bolmanda ysyn almagyň gerek!)

Gowsy, gel, ýatlaly ýene bir ýola
Her demine müňi ýuwdan ajaly.
Müňläp ömri syrtmagyndan geçiren
Eşafotlar hakda söhbet açaly.

Çyn söze berimsiz ýalanlar hakda,
Bozulan şert hakda, bozanlar hakda,
Tüsse bolup göge galanlar hakda,
Öz gabryny özi gazanlar hakda.

Hany, ýeser bolsaň dur-da gürlemän,
Öwezi dolmajak bergiler hakda,
Ýaňy göze gornen gunçalarmyzy
Penjesine gysan gyrgylar hakda…

Häzirlikçe syýasaty goýaly,
Oňa dolanarys ýene bir sapar.
Ölenleň öňünde ölinçä borçly
Diriler, gör, haçan ynjalyk tapar?!

Ýyllar gowzadardan ejizräk gelýä
Eneleň umytdan doly ýüregni.
Bölejik kagyzlar tutýamy näme,
Arslan ýaly pyýadalaň deregni?!

Adamlaň şeýle bir ýaşasy gelýä,
Adamlar şeýle bir iripdir jeňden.
Şindi-şindem gije-gündiz rahat ýok
Bir çak Buhenwaldda ýaňlanan jaňdan.

Şindi-şindem oýa batýa adamlar:
Konslagerler näçe? Näçeräk pida?
…Rawensbrýukda bolsa diwarlar dymýa,
Mauthauzenden çykanok seda.

Bu gün näletlere döz gelip bilmän,
Oswensimiň turbalary yranýa.
Başynda gara saç galmadyk ene
Iner ogluň geljegine ynanýa.

Ene ogul ýollap, ogla garaşýa,
Nätsin ol ordeni, nätsin medaly?..
Ah, nämüçin gan dökýäler adamlar,
Edil bir-birinde kasty bar ýaly?!

Bahasy gan bilen ölçelýän bolsa,
Kime gerek goşa-goşa ordenler?
Kime gerek suw deregne gan akýan
Wolgalar, Dunaýlar, Reýnler, Oderler?..

Jeňde ölmek üçin gelen ýok dünýä,
Atsyz-sorsuz ýitmek üçin dogan ýok.
Artykmaç ogul ýok enelermizde,
Uýalarda üýşüp ýatan dogan ýok.

Her döwlet özüçe akyl ýetirýä,
Bu gün dünýämiziň dymyp durşuna.
Bizde welin üýşüp ýatan ömür ýok –
Çalşar ýaly dokuz gram gurşuna!

...Milonlaň parahat ýatany üçin,
Bu gün milonlara rahat ýatma ýok.
Şunça ýyllap damyp duran gözýaşlaň
Entek-entek aňyrsyna ýetme ýok.
1988, Aşgabat.
XS
SM
MD
LG