Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa: Krymdaky gözegçilik güýçlenýär


Russiýa we onuň prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Krymdaky gözegçiligini güýçlendirmek üçin täze ädimler ätdiler. Krym territoriýasy halkara kanunlarynyň bozulmasy esasynda ýakynda Russiýa tarapyndan anneksiýa edilipdi.

21-nji aprelde Russiýanyň Merkezi banky Krymda hereket edýän Ukrainanyň dört bankynyň işini doňdurmak barada buýruk berdi. Bu buýruk Ukrainanyň Priwat, Ähli-Ukrain aksioner, Imeksbank we Kiýewskiý Rus banklarynyň Krymdaky bölümlerine täsir eder.

Şeýle-de, 21-nji aprelde prezident Wladimir Putin “geçiş döwründe” Krymyň we Sewastopolyň banklaryndaky depozitleri (goýumlary) goramak üçin federal kanuna gol goýdy.

Mundan başga-da Putin Russiýanyň Gara deňizdäki deňiz güýçleriniň komandirine täze orunbasar belledi. Putin Ukrainanyň deňiz güýçleriniň öňki komandiri admiral Denis Berezowskiýniň Russiýanyň Gara deňizdäki flotunyň komandiriniň orunbasary wezipesine belleniljekdigini yglan etdi.
XS
SM
MD
LG